iPhone 11 dünýäniň iň köp satylan smartfony boldy

  • 19.08.2020 17:23
  • 16k+

Apple-iň «iPhone 11» smartfony dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly iň köp satylan smartfon boldy. «Counterpoint-iň» berýän maglumatyna görä, telefon ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Angliýa we Germaniýa boýunça öňdebaryjy bolmagynda galýar. Bu barada dni24.com habar berýär.

Öň Apple-iň özi telefonyň Hytaý bazaryndaky öňdebaryjylygy habar berilýän satuw hasabatyny köpçülige ýetiripdi. “IPhone 11” ähli ýerli smartfonlardan, şol sanda “Xiaomi” we “Huawei” enjamlaryndan öňe geçmegi başardy. Onuň bilen ýeke-täk çynlakaý bäsdeş "Oppo A8" boldy. Şeýle hem, “Counterpoint” “Honor 9X”-iň Hytaýda ilkinji üçlüge girendigini habar berdi.
ABŞ-da hem “iPhone 11”-e uly isleg bildirilýär. “Apple” önümleri eýýäm dördünji nesil smartfonlary peýda bolaly bäri, satylyşy boýunça ABŞ-nyň bazarynda öňdebaryjylygy saklap gelýär. “IPhone 5S” çykandan soň, onuň bilen bäsdeşleriniň arasyndaky tapawut, takmynan, 60% boldy.
Şu ýyl “iPhone 12”-niň hödürlenmegine garaşylýar. Ol 5G maglumat geçiriş tehnologiýasyny goldaýan ilkinji “Apple” smartfony bolar. Bu model 5,4 dýuým diagonally soňky ýyllaryň iň kiçi displeýini alyp biler.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......