Halk Maslahaty Konstitusiýa üýtgetmeleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly girizer

  • 15.08.2020 14:15
  • 17k+

Sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halk Maslahatynyň mejlisi pandemiýa zerarly ilkinji gezek wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriler. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meýilleşdirilýär.

Dünýäde pandemiýanyň ýaýramagyny hem-de onuň öňüni almak üçin kabul edilýän çäreleri nazara alyp Konstitusion toparyň mejlisini we Halk Maslahatynyň mejlisini wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirmek kararyna geldik» diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow milli Parlamentiň ýolbaşçysyna hem-de wise-premýerlere ýüzlenip, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekdi. Bu mejlisi 19-njy awgustda geçirmek göz öňünde tutulýar.

şu gün 10:00
1.4k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
2.8k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
4.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......