Russiýanyň COVID-19-a garşy sanjymy bilen 20-den gowrak ýurt gyzyklanýar

  • 15.08.2020 00:28
  • 21k+

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zakarowa 20-den gowrak ýurduň ruslaryň koronawirusa garşy sanjymyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Şeýle hem diplomat Moskwanyň bu dermanlyk serişdäni ulanmak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, sişenbe güni Wladimir Putin N.F. Gamaleýa merkezinde Russiýanyň gönüden-göni maýa goýum gaznasy (RDIF) bilen bilelikde işlenip düzülen COVID-19-a garşy sanjymyň dünýäde ilkinji bolup Russiýada bellige alnandygyny mälim etdi.
Hünärmenler sanjymyň kliniki synaglarynda ähli meýletinçileriň (18 ýaşdan 60 ýaş aralygy) SARS-CoV-2-a garşy ýokary derejeli immuniteti döredendiklerini, olaryň hiç birinde-de çynlakaý kynçylyklaryň ýüze çykmandygyny birnäçe gezek bellediler.
"Sputnik V" diýlip atlandyrylýan bu serişde babatdaky barlaglaryň üçünji tapgyry 12-nji awgustda başlandy. Ol myşsanyň içine goýbermek üçin niýetlenen ergin bolar. Sanjymlary iki basgançakda geçirmek meýilleşdirilýär: ilkibaşda - I komponent, üç hepdeden soň bolsa - II komponent.
Bu sanjymyň bellige alnandygy baradaky habarlara beýleki ýurtlarda şübheli garaldy, sebäbi heniz gözlegleriň ähli tapgyrlary tamamlanmandy. Saglygy goraýyş ministrligi tankytlaryň esassyzdygyny aýtdy. Edaranyň ýolbaşçysy Mihail Muraşko täze sanjymyň döredilen platformasynyň gowy öwrenilendigini we howpsuzdygyny: onuň ozal beýleki dermanlaryň sintezi we önümçiligi babatda ulanylandygyny ýatlatdy.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......