Koronawirusa garşy sanjymyň birinji tapgyry iki hepdäniň dowamynda çykarylar

  • 13.08.2020 13:47
  • 18k+

Koronawirusa garşy sanjymyň birinji tapgyry iki hepdäniň içinde öndüriler. Ol ilki bilen lukmanlara iberiler. Bu barada RF-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Mihail Muraşko habar berdi. Muny ТАSS ýetirýär.

“Geljek iki hepdäniň içinde, birinji nobatda, lukmanlar üçin koronawirus ýokanjyna garşy derman serişdesiniň birinji toplumy alnar” – diýip, ol brifingde aýtdy.

Koronawirusa garşy sanjymyň önümçiligi ilki içki bazara gönükdiriler.

“Men Russiýa Federasiýasyndaky önümçilik içki bazara gönükdiriler diýip pikir edýärin, sebäbi bize raýatlarymyzyň zerurlygyny üpjün etmek gerek” – diýip, Muraşko aýdýar.

Ol Russiýanyň sanjymyň önümçiligini daşary ýurtlarda hem hödürlejekdigini sözüniň üstüne goşdy.

“Häzir şeýle gepleşikler alnyp barylýar. Göni maýa goýumyň rus fondy gönüden-göni tehnologiýalaryň we derman serişdeleriniň eksporty boýunça işe girişdi, onuň beýleki meýdançalarda hem çykarylmagy mümkin” – diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirýär.

Täze koronawirusa garşy sanjym işi lukmanlar üçin hem – 20%-e çenli işgärlerinde immuniteti bar bolan edaralarda hem meýletin ýagdaýda bolar. Ministrlik lukmançylyk işgärleriniň köpüsine hem-de hroniki keselli adamlara dümewe garşy sanjym almagy maslahat berýär.

“Men biziň semremä, ýüregiň hroniki kesellerine, öýken kesellerine, süýji keseline eýe bolan ähli syrkawlara dümewe garşy sanjym almagy maslahat berýändigimizi belläp geçesim gelýär. Biz lukmançylyk işgärlerine-de hem olaryň, hem lukmançylyk guramalarynyň näsaglarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sanjymy maslahat berýäris. Işgärleriň sanjym almak göwrümi 80-85%-e barabar bolmaly” – diýip, Muraşko aýdýar.

Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy pedagoglary we mugallymlary hem sanjym almaga çagyrdy. Mundan başga-da, edara işgärlerine, aýratynam, howp astyndakylara pnewmokok ýokanjyna garşy sanjym almagy maslahat berýär.

düýn 16:32
1.2k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.1k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
3k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4.1k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....