Alymlar koronawirusyň ýaýramak howpuny peseltmegiň usulyny anykladylar

  • 14.08.2020 12:26
  • 22k+

Nemes alymlary agyz boşlugyny suwuklyk bilen çaýkamagyň koronawirusyň geçmek howpuny peseldip bilýändigini anykladylar. Bu barada Germaniýanyň Rur uniwersitetiniň saýtynda neşir edilen tejribe işinde aýdylýar. Muny RIA Nowosti habar berýär.

Barlag Bohumda Rur uniwersitetiniň molekulýar we lukmançylyk wirusologiýasynyň barlag toparyndan alymlar topary bilen Ýenadan, Ulmdan, Deýsburg-Essenden, Nýurnbergden we Bremenden alymlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Tejribe işiniň netijeleri SARS-CoV-2 wirusyň öýjükleriniň agyz boşlugynda suwuklyk bilen “hatardan çykarylýandygyny” görkezdi.
Barlag işini alyp baryjylar Germaniýanyň dermanhanalarynda satylýan agyz boşlugy üçin dürli düzümli sekiz sany suwuklygy barlap gördüler. Olar agyz boşlugy üçin her bir suwuklygy SARS-CoV-2 wirus bölejikleri bilen garyşdyrdylar hem-de agzyňy çaýkamagyň täsirliligini modelirlemek üçin 30 sekundyň içinde garyndyny yrgyldatdylar.
Barlagyň netijesi çaýkamak üçin ähli suwuklygyň wirusyň başlangyç titrini peseldýändigini görkezdi. “Çaýkama işi” üç gezek yzygider geçirilen ýagdaýynda titr wirusy anyklamak mümkin bolmadyk derejä çenli peseldi.
Ýöne barlagyň awtorlary çaýkamak üçin suwuklyklaryň wirusy öldürmeýändigini, diňe onuň ýaýramak howpuny gowşatmaga kömek edýändigini belleýärler.

 

“Agyz boşlugyny suwuklyk bilen çaýkamak öýjüklerde wirusyň döremegini basyp bilmeýär. Ýöne gysga möhletde kesel howpunyň güýçli ýüze çykýan ýerinde, has dogrusy, agyz boşlugynda we bokurdakda wirus agramyny peseldýär” – diýip, barlagy alyp baryjy alym Toni Meýster aýtdy.

09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....