BSG synçy derejesi Türkmenistanyň daşary ýurt maýalaryny çekmegini ýeňilleşdirer

  • 07.08.2020 19:43
  • 16k+

Türkmenistan BSG synçy derejesini ykdysadyýetiň iň bäsdeşlige ukyply pudaklaryny, hususan-da, ýangyç-energetika pudaklaryny ösdürmek üçin ulanýar. Bu pikiri syýasat ylymlarynyň doktory, Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary institutynyň (IMEMO RAS) Merkezi Aziýa sektorynyň başlygy Dina Malyşewa Trend azerbaýjan agentligine aýtdy.

Onuň pikiriçe, Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna girmek bilen, bu gurama gatnaşmagyň ýurduň ykdysadyýetine daşary söwdadaky ornuny berkitmäge we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi ýeňilleşdirmäge ýardam eder diýip bil baglaýar.
Ýadymyzda bolsa, Türkmenistan 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Ženewada geçirilen maslahatda BSG synçy derejesini alypdy. Bilermenleriň birnäçesi Aşgabadyň ýakyn wagtda Bütindünýä söwda guramasyna doly derejede gatnaşmak üçin tagalla etjekdigine ynanýar.

düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
746

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.4k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......