Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesini aldy

  • 23.07.2020 13:11
  • 11k+

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde BSG-niň Baş Geňeşine gatnaşyjy döwletler Türkmenistana BSG-niň synçysy derejesini bermek baradaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.

Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurduň bu derejä eýe bolmagy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşine, daşary söwda ulgamyndaky ornunyň pugtalanmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyna, daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Şeýle-de bu täjirçilik we söwda strategiýalarynyň işlenip düzülmegine hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine degişli bolup durýar.

Türkmen tarapynyň çykyşyndan soň, Gurama gatnaşyjy döwletleriň birnäçesiniň, şol sanda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hindistanyň, Mongoliýanyň, Panamanyň, Paragwaýyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Urugwaýyň wekilleri Türkmenistanyň bu Gurama synçy hökmünde goşulyşmak başlangyjyny goldap çykyş etdiler.

Häzirki wagtda 164 döwlet BSG-niň agzasy bolup durýar. 24 ýurtda bu Guramanyň synçy derejesi bar. Türkmenistan synçy derejesindäki 25-nji döwlet boldy.

şu gün 19:26
494

Türkmenistan we Ýewropanyň maýa goýum banky Çarçuwaly ylalaşyk boýunça gepleşikleri jemleýär

23-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy...

şu gün 19:00
2.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Florida ştatyna işewürlik, sport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaş hökmünde garaýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň dowamynda «Al Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda amerikan tarapy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi...

şu gün 18:44
1.8k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-da «La Victoria» atçylyk toplumynyň işi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde Florida ştatynyň Wellington şäherinde ýerleşýän «La Victoria» atçylyk toplumyna bardy. Bu toplum işgärler üçin ýaşaýyş jaýlaryny, athanalary, türgenleşik meýdançalaryny we çüwdürimli köli hem-de beýleki ugurdaş desgalary özünde jemleýär...

şu gün 18:13
2.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň golf klublaryna sapary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde Florida ştatyndaky «Panther» milli golf klubuna we «Sandhill Crane Golf Club» okuw-türgenleşik merkezine baryp gördi...