Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesini aldy

  • 23.07.2020 13:11
  • 12k+

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde BSG-niň Baş Geňeşine gatnaşyjy döwletler Türkmenistana BSG-niň synçysy derejesini bermek baradaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.

Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurduň bu derejä eýe bolmagy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşine, daşary söwda ulgamyndaky ornunyň pugtalanmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyna, daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Şeýle-de bu täjirçilik we söwda strategiýalarynyň işlenip düzülmegine hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine degişli bolup durýar.

Türkmen tarapynyň çykyşyndan soň, Gurama gatnaşyjy döwletleriň birnäçesiniň, şol sanda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hindistanyň, Mongoliýanyň, Panamanyň, Paragwaýyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Urugwaýyň wekilleri Türkmenistanyň bu Gurama synçy hökmünde goşulyşmak başlangyjyny goldap çykyş etdiler.

Häzirki wagtda 164 döwlet BSG-niň agzasy bolup durýar. 24 ýurtda bu Guramanyň synçy derejesi bar. Türkmenistan synçy derejesindäki 25-nji döwlet boldy.

06.06.2026 14:06
2.4k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......