TMCELL uly ýaşly adamlara öýden çykmazlygy maslahat berýän sms-leri iberýär

  • 06.08.2020 15:54
  • 29k+

Şu gün «Altyn Asyr» milli mobil operatory Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň raýatlar bilen gönüden-göni galtaşmazlygy hem-de uly ýaşly adamlara öýden çykmazlygy maslahat berýän sms-lerini iberdi.

«Hormatly adamlar! Howpsuz araçägi saklamagy, mümkin boldugyça raýatlar bilen gönüden-göni galtaşmazlygy, esasanam, uly ýaşly adamlara öýden çykmazlygy maslahat berýäris. TSG we DSM».

Mundan öň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi saglygy berkitmek üçin agyz-burun örtügi dakynmak, köpçülik ýerde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamagy hem-de gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmegi maslahat berip, sms-habarlaryny ýollapdy.
Öň, habar berşimiz ýaly, 21-nji iýuldan başlap, ýurdumyzda hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar we kärhanalar — kinoteatrlar, teatrlar, seýilgähler, oýun attraksionlary, muzeýler, gözellik salonlary, dellekhanalar, hammamlar, geýim arassalaýjylar (himçistkalar) we tikinçilik atelýeleri ýapyldy. Şol sanda, basseýnler, fitnes we aerobika klublary ýaly sport desgalary, gysga möhletli tölegli kurslar we oýun merkezleri wagtlaýyn ýapyldy.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......