Amazon hemralaýyn internet ulgamyna $10 milliarddan gowrak maýa goýýar

  • 01.08.2020 18:55
  • 8.5k+

ABŞ-nyň aragatnaşyklar boýunça federal komissiýasy (FCC) Amazon kompaniýasyna hemralaýyn internet ulgamyny döretmäge rugsat berdi, bu barada komissiýanyň saýtynda habar berilýär. Muny quote.rbc.ru ýetirýär.

Kompaniýada Kuiper taslamasyna $10 milliarddan gowrak maýa goýumyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Ol Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemralarynyň torlary bilen bäsdeşlik eder.

“Dünýäde giň zolakly elýeterliligiň ygtybarly bolmadyk ýa-da asla ýok bolan ýerleri köp. Kuiper muny üýtgeder. Biziň $10 mlrd möçberdäki maýa goýumymyz ABŞ-da iş orunlarynyň we infrastrukturalaryň döredilmegini üpjün eder, bu öz gezeginde bar bolan ýetmezçiligi aýyrmaga kömek eder” – diýip, Amazonyň wise-prezidenti Deýw Limp aýdýar.
“Biz Kuiper babatda talapnamanyň makullanylmagy görkezilen talaplary we şertleri berjaý etmek bilen jemgyýetçilik isleglerine hyzmat eder diýen netijä geldik. Kuiper-iň hödürleýän giň zolakly elýeterliligi amerikan sarp edijilerine peýda getirer” – diýip, FCC-de belleýärler.

Taslamanyň çäklerinde Amazon Ýere golaý orbita 3 müňden gowrak hemrany uçurmagy meýilleşdirýär. Ulgam Ýer stansiýalaryny, müşderiler üçin terminallary, hemralary dolandyrmak boýunça merkezleri we beýlekileri hem öz içine alar. Tor ulanyjylary diňe bir ABŞ-da däl, eýsem, dünýäniň beýleki sebitlerinde hem gurşap alar.
Amazon hemralaryň bäş tapgyrda goýberiljekdigini we hyzmat ediş işiniň orbitada 578 hemra bolanda başlajakdygyny aýdýar.
Iýulyň ortalarynda Morgan Stanley bankynyň analitigi Adam Jonas bu taslama Amazona $100 mlrd getirip biler diýip hasaplady. Bankda kosmiki ykdysadyýetiň geljek 20 ýylyň içinde $1 trilliona çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.
Amazon dünýäde uly onlaýn-riteýleriň biri hasaplanylýar. ABŞ-dan başga kompaniýa Kanadada, Hytaýda, Braziliýada, Ýaponiýada we Ýewropa ýurtlarynda işleýär. Belläp geçsek, Amazon.com internet dükany 1995-nji ýylyň iýulynda işe girizildi.

düýn 12:54
2k+

Grand-Kanýonyň peýda bolmagyny gadymy kölüň daşmagy bilen baglanyşdyrdylar

Alymlar Grand-Kanýonyň emele gelmegi barada täze nazary pikiri hödürlediler: onuň takmynan 6,6 million ýyl mundan ozal gadymy kölüň daşmagy bilen emele gelen bolmagy mümkin. Bu barlagyň netijeleri Science......

düýn 12:14
6.1k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

24.04.2026 15:00
4.5k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

24.04.2026 14:31
2.5k+

Günde X2.5 derejeli güýçli partlama bolup geçdi

Şu gün sagat 06:07-de (Aşgabat wagty bilen) Günde X2.5 derejeli partlama hasaba alyndy. Bu ýagdaý, soňky iki ýarym aýyň dowamyndaky iň güýçli hadysalaryň biridir. Şoňa meňzeş derejedäki partlama (X4.2) iň......