ABŞ-nyň internet-ägirtleriniň ýolbaşçylary mejlisde düzgün bozma bilen bagly edilen ätiýajyň dogrudygyny görkezdiler

  • 31.07.2020 08:06
  • 15k+

ABŞ-nyň Kongresiniň wekilçilikli Palatasynyň hukuk geňeşiniň monopoliýa garşy syýasat boýunça goşmaça komitetinde geçen çykyş amerikan kanun çykaryjylarynyň Amazon, Facebook, Apple we Google kompaniýalarynyň işinde düzgün bozulmalara ýol berilýändigi bilen baglylykda eden ätiýaçlarynyň dogrudygyny görkezdi. Bu barada goşmaça komitetiň başlygy Dewid Sisilini habar berdi diýip, ТАSS belleýär.

“Çykyşlarda şaýatlardan eşidenlerimiz biziň soňky ýylyň dowamynda toplan maglumatlarymyzyň dogrudygyny tassyklady” – diýip, Reuters agentligi Sisilininiň sözlerini getirýär. Onuň pikirine görä, bu kompaniýalaryň ýolbaşçylary kongresmenleriň soraglaryna jogap bermek bilen goşmaça komitetiň agzalarynda biynjalyklyk döredýän hereketlere ýol berýändiklerini boýun aldylar.
Çykyşdan öň Sisilini Amazon, Facebook, Apple we Google kompaniýalarynyň ABŞ-nyň bazarlarynda öňdebaryjy orun eýeleýändiklerinden hyýanatçylykly peýdalanyp biljekdiklerini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, mejlisiň maksady kompaniýalaryň “esasy roluny bahalandyrmakdan” ybarat. Sisilininiň bellemegine görä, olar maglumatlara we bazarlara elýeterliligi üpjün etmek gurşawynda-da uly täsire eýe. Bu kompaniýalarda “bu ygtyýarlykdan hyýanatçylykly peýdalanmaga mümkinçilik we sebäp bar” diýip, kongresmen belleýär.
Mejlis monopoliýa garşy işlere garamagyň çäklerinde geçirildi. Amazon, Facebook, Apple we Google kompaniýalarynyň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk boýunça bäş sagatdan gowrak wagtyň içinde kanun çykaryjylaryň soraglaryna jogap berdiler.
2019-njy ýylyň iýulynda amerikan hökümetiniň ady agzalan dört kompaniýa babatda monopoliýa garşy kanunlaryň bozulmagynyň ähtimallygyny barlamak üçin giň gerimli derňew işine başlamaga taýýarlanýandygy belli boldy. Reuters agentliginiň maglumatlary boýunça, derňew işiniň dowamynda wekilçilik Amazon we Facebook kompaniýalaryny gözegçilik astyna alan ABŞ-nyň Federal söwda komissiýasy bilen Apple we Google kompaniýalarynyň işi bilen meşgullanýan Adalat ministrliginiň arasynda paýlanylar. Şunuň bilen bir wagtda hususy derňew işine başlaýandygy barada ABŞ-nyň Kongresiniň wekilçilikli Palatasynda kanun çykaryjylar hem habar berdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......