Türkmen öndürijileri gigiýena harytlarynyň önümçiligini giňeldýärler

  • 31.07.2020 07:05
  • 16k+

Dünýäde dowam edýän pandemiýa we Türkmenistanda ätiýaçlyk çäreleriniň güýçlenmegi netijesinde türkmen kompaniýalary gigiýena önümlerini öndürmek işiniň gerimini giňeldýärler. “Täç hil”, “Mona”, “Şa tumar”, “Mähirli dogan” öňdebaryjy öndüriji-kompaniýalar önümçiligi yzygiderli ýokarlandyrýarlar we harytlaryň toplumyny giňeldýärler.

Täze önümleriň arasynda ýüzärligiň tohumyndan taýýarlanylan antibakteriýa sabynyny belläp geçmek bolar. Düzümiň esasy bölegi mikroba garşy subut edilen täsire eýe bolan alkoloid peganidinden ybarat. Eliňi sabyn bilen ýuwup bolmadyk mahalynda arassalamak üçin ulanylýan antiseptik serişdeleri we dezinfeksiýa-sanitaýzerleri has meşhur harytlar hasaplanylýar. Sanitaýzerleriň täsirliligi köp sanly barlaglar arkaly subut edildi. Olaryň ulanylmagyny BSGG hem tabşyrýar.

Hünärmenler dezinfeksiýa erginini ýanyňda götermegi we haýsydyr bir ýerini elläniňden soň onuň bilen şol bada eliňi süpürmegi maslahat berýärler.
Şeýle-de, biziň mydama galtaşýan we ýüzümize ýetirýän smartfonymyzy hem sanitaýzer ýa-da antiseptik süpürgiji bilen süpürmek maslahat berilýär. Öýüňize geleniňizden soň, eliňizi hökman sabyn bilen ýuwmaly.
Agşamlaryna deriniň ähli arassalaýjy maddalardan soň deňagramlylygyny dikeltmek üçin ellere ýylmanak ediji kremi çalmak maslahat berilýär.

Sagdyn deri islendik kesel üçin böwet bolup hyzmat edýär. Häzirki günde ýaşaýyş-durmuş serişdeleriniň we arassaçylyk önümleriniň önümçiligi boýunça türkmen kärhanalary bazary daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutujy ýokary hilli harytlar, ýagny çygly süpürgiçler, şampunlar, egin-eşikler üçin ýuwujy serişdeler we ys berijiler, gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabyn we ş.m bilen üpjün etmek üçin öndümli işleýärler.
Mundan başga-da, “Made in Turkmenistan” belgili hojalyk-durmuş serişdeleri Eýrana, Azerbaýjana, Gazagystana, Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edilýär.

31.05.2026 00:28
5.1k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.4k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......

29.05.2026 23:28
2.7k+

Fransiýada saglyk ätiýaçlandyryşy semizlige garşy dermanlaryň çykdajylaryny töläp başlar

Fransiýada milli ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryndan başlap, semizligi bejermek üçin niýetlenen derman serişdelerini satyn almagyň çykdajylary döwlet tarapyndan......

28.05.2026 19:35
7.3k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......