COVID-19 sebäpli dünýä syýahatçylygy $320 mlrd ýitirer

  • 28.07.2020 23:34
  • 7.9k+

Dünýäniň syýahatçylyk pudagynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda $320 mlrd ýitirmegi mümkin. Bu barada BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) habarnamasynda aýdylýar. Muny ТАSS ýetirýär.

Beýleki ýurtlara syýahat edýän syýahatçylaryň sany maý aýynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 98% azaldy. Şu ýylyň ilkinji bäş aýynyň içinde görkeziji 65% pese gaçdy, bu halkara syýahatçylykdan gelýän $320 mlrd girdejiniň ýitmegine getirdi. Bu 2009-njy ýylda ykdysady çökgünlik wagtyndakydan hem üç esse ýokarydyr.
“Soňky maglumatlar syýahatçylygy howpsuz boldugyndan dikeltmegiň möhümdigini görkezýär. Halkara syýahatçylygyň pese gaçmagy millionlarça adamyň ýaşamagyna bolan serişdesiniň ýitmegine howp salýar, bu ösýän ýurtlara-da degişlidir” – diýlip, habarda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň sözleri getirilýär.
Şeýle-de, häzirki wagtda halkara syýahatçylyk gatnawlarynyň, aýratynam, 1-nji iýulda Ýeriň demirgazyk ýarym şarynda Ýewropa Bileleşiginiň şengen zolagynyň serhetleri açylandan soň, ýuwaş-ýuwaşdan dikelýändigi bellenilip geçilýär. Şol bir wagtda guramada pudagyň diňe 2021-nji ýylyň ikinji ýarymyna çenli gutarnykly dikelmegine garaşylýar.
Bütindünýä guramasynyň hünärmenleri halkara syýahatçylygyň dikelmegine ýaramaz täsir edýän birnäçe sebäplerini belleýärler. Olara gatnawlaryň çäklendirilmegi, köp ýurtlarda serhetleriň ýapylmagy, gezelençlerde kesellemek mümkinçiligi, epidemiýanyň ikinji tolkunynyň bolmak ähtimallygy we serhetleriň täzeden ýapylmagy degişlidir. Koronawirus babatda ygtybarly maglumatlaryň ýokdugy we umumy ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy hem ilaty gezelençlerden saklaýar.
27-nji martda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynda halkara syýahatçylyk gatnawlarynyň sanynyň şu ýylyň jemi boýunça koronawirus pandemiýasy sebäpli 2019-njy ýylyň meňzeş görkezijileri bilen deňeşdirilende 20-30% azalyp biljekdigini habar berdiler. Munuň halkara syýahatçylygyň girdejisiniň $300-450 mlrd peselmegine getirip biljekdigi bellenildi.

düýn 00:20
3.9k+

Awstraliýada 100 ýyl bäri birinji gezek täze şäher gurlar

Awstraliýada Sidneýiň günbatarynda, ýaňy-ýakynda açylan «Western Sydney» halkara uçar menziliniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze Bredfild şäheriniň esasy meýilnamasy tanyşdyryldy. Bu taslama ýurtda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döredilen ilkinji iri şäher aglomerasiýasy bolar...

12.02.2026 04:29
6.4k+

Bu kurort şäherlerde syýahatçylaryň sany ýerli ilatdan hem artyk

MoneyTransfers hyzmaty dünýäniň iň  gür syýahatçylyk ugurlary baradaky täze barlagyny neşir etdi. Express neşiriniň habar bermegine görä, reýtingde birinji ýeri ortaça bir ýerli ýaşaýja 118 syýahatçy düşýän Tailandyň Phuket adasy eýeledi...

09.02.2026 18:55
9.7k+

Ýer ýüzüniň iň gök we dury suwy nirede ýerleşýär

Alymlar owadan suratlara ýa-da subýektiw garaýyşlara däl-de, ylmy maglumatlara esaslanyp, Ýer ýüzündäki haýsy suwlary iň gök we dury suwlar hasaplap boljakdygy baradaky soraga jogap bermäge synanyşdy diýip, IFLScience neşiri habar berýär...

09.02.2026 16:11
6.9k+

Dünýä rekordy: Hytaýda geçen şüweleňde birbada 22 580 dron asmana göterildi

Hytaýyň Hefeý şäherindäki meýdançada 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna (Hytaý Täze ýylyna) bagyşlanan gala-konsertiň çäklerinde 22 580 sany dron asmana göterilip, täze dünýä rekordy goýuldy.  Bu täsin tomaşa bada-bat «Bir kompýuter tarapyndan dolandyrylan iň köp sanly dronlar» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CGTN teleýaýlymynda habar berilýär...