Amerikan alymlary koronawirusy çalt ýüze çykarmaga ukyply enjamy döretdiler

  • 27.07.2020 00:52
  • 17k+

Kolumbiýa okrugynda Jorj Waşington uniwersitetiniň barlagçylary näsaglarda COVID-19-y ýa-da antibedenjikleriň yzyny çalt anyklamaga ukyply bolan kiçiräk enjamy döretdiler — diýip, 9 Nowosti agentligi MedicalXpress portalyna salgylanmak bilen habar berýär.

Mona Zagloulyň ýolbaşçylygynda alymlar topary gazyň dürli görnüşini kesgitleýän öň döredilen gurluşy esas hökmünde aldylar. Ol inçejik geçirijilerden ybarat bolup, altyn gatlak bilen örtülen.
Uniwersitetiň işgärleri pandemiýanyň başlanmagy bilen hünärmenleriň bu oýlanyp tapylan zady başga bir tarapdan hem ulanyp boljakdygyna düşünendiklerini belleýärler. 50 müň dollar möçberinde pul kömegini alyp, olar gurluş adamda koronawirusyň bardygyna täsirlenip biler ýaly, ony üýtgedip başladylar. 

Tejribede bu gurluş şeýle usulda işleýär. Enjamyň üstüne ýokanja duýgur bolan reagenti çalýarlar. Wirusy tanamak bilen ol indikatoryň reňkini üýtgedýär, ony telefonuň kamerasynyň kömegi bilen bilmek bolýar. Barlagçylar geljekde olaryň oýlap tapan zadynyň COVID-19 bilen kesellileriň giňişleýin maglumatlar bazasyny döretmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar, hünärmenler “bulut saklaýjylary” arkaly bu bazanyň üstüni ýetirip bilýärler.

şu gün 00:18
1.4k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
3.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....