Tesla «Toyotadan» öňe geçip, iň gymmat awtomobil kompaniýasy boldy

  • 24.07.2020 23:20
  • 12k+

Tesla kompaniýasy ozalky lider “Toyota” ýapon awtomobil gurluşyk konserninden öňe geçip, dünýäde iň gymmat awtomobil öndüriji kompaniýa boldy. Teslanyň girdejisi koronawirus keseliniň epidemiýasyna we awtomobillere bolan islegiň birden pese gaçmagyna garamazdan, ösmegini dowam etdirýär. Tesla kompaniýasy özüniň 17 ýyllyk taryhynyň içinde birinji gezek bassyr dört çärýek yzygider girdeji aldy. Ikinji çärýegiň jemi boýunça awtoöndürijiniň sap girdejisi 2019-njy ýylyň ikinji çärýegindäki $408 mln ýitgä garşylykda $104 milliona barabar boldy. Bu barada “TWSJ” neşiri kompaniýanyň resmi wekillerine salgylanmak bilen habar berýär. Muny glas.ru ýetirýär.

2019-njy ýylyň üçünji çärýeginden başlap, Tesla çalt ösüşi görkezdi. 2020-nji ýylyň başynda kompaniýanyň girdejileri epidemiýa sebäpli kemeldi, muňa garamazdan, Tesla 16 mln dollar möçberinde girdeji aldy. Awtomobilleriň satuwyndan girdeji çärýek aňlatmasynda 1% ýokarlandy, ýöne ýyllyk aňlatmasynda 4% pese düşmek bilen $5,179 milliarda barabar boldy.
Model S elektromobilleriň söwdasy ýyllyk aňlatmasynda 40%, ýagny 10,614 müň elektromobile çenli pese gaçdy, Model 3-iň söwdasy 3% ýokarlanmak bilen, 80,277 müň awtomobile barabar boldy. Yzygider dört çärýegiň içinde girdeji gazanmak kompaniýanyň paýnamalaryny S&P 500 indeksine girizmek üçin ýol açýar.
Neşir pandemiýanyň Teslanyň öňde goýan bir ýylyň içinde 500 müň elektromobili öndürmek bilen bagly maksadyna ýetmek ukybyny sorag astyna goýandygyny belleýär, bu 2019-njy ýylda çykarylan elektromobillerden 36% köpdür. Muňa garamazdan, Tesla bu wezipäni pandemiýa sebäpli kynlyk bilen ýerine ýetirjekdigini resmi taýdan aýdyp, bu maksadyndan ýüz öwürmedi.
2020-nji ýylyň birinji bazarlarynyň açylyşynda Teslanyň paýnamalary biržada sanyna $440-dan satyldy. Geçen bazar tapgyrynyň ýapylyşynda bahalar $1592 bolupdy, bazarlar ýapylandan soň paýnamalar $1657-ä çenli gymmatlady.

düýn 16:02
1.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.4k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

07.06.2026 19:49
2.6k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

07.06.2026 16:58
2.2k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....