Türkmen kompaniýalary ISO boýunça onlaýn konferensiýa gatnaşmaga çagyrylýar

  • 22.07.2020 12:57
  • 11k+

Türkmen kompaniýalary öz önümlerini yzly-yzyna halkara bazarlara çykarmaga çalyşýarlar. Munuň üçin olara, ISO Halkara standartlaşdyryş guramasynyň ölçeglerine laýyklykda, hil taýdan baha berilýär.

ORIENT-iň habar bermegine görä, türkmen telekeçilerini birnäçe ugurda wajyp ülňüleriň täzelenmegi bilen tanyşdyrmak maksady bilen, CERT Academy halkara okuw kompaniýasy CERT International (Slowakiýa) we «Management» hünär žurnaly bilen bilelikde, USAID-iň goldamagynda olary, şol sanda Merkezi Aziýanyň beýleki kompaniýalaryny iki günlük onlaýn seminaryna tölegsiz gatnaşmaga çagyrýar. 10-njy hem-de 11-nji awgustda CERT-iň wekilleri ISO, biznes strategiýalar, durnukly ösüş we dünýäniň innowasiýa kompaniýalarynyň tejribesi barada söhbet ederler.
Goşmaça maglumatlary almaty@cert-academy.org elektron poçtasy we +7 (727) 356 45 10, +7 (775) 630 10 90 (WhatsApp) telefon belgileri arkaly, şeýle hem guramanyň web sahypasyndan alyp bilersiňiz.
Türkmenistan dünýä köp zat hödürläp biler: logistikadan başlap, ýokary hilli oba hojalyk önümlerine, gaýtadan işlenen et önümlerinden başlap, bioplastige çenli. Sebitiň kompaniýalary Merkezi Aziýanyň täze döreýän ulag merkeziniň şertlerinde dünýä bazarynda özlerini has gowy görkezip bilerler we ISO kepilnamasy bilen talap edilýän we ýokary hilli önümleri hödürlemäge mümkinçilik alarlar.

düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......