Koronawirusyň täsirlerinden has ýeňil baş alyp çykýan ýurt atlandyryldy

  • 22.07.2020 00:35
  • 29k+

Germaniýanyň ykdysadyýeti pandemiýadan soň gülläp başlar, ýurt özüniň güýçli taraplaryny görkezdi we ol Hytaýdan hem-de ABŞ-dan tapawutlylykda koronawirusdan üstün çykyp biler. Bu barada The New York Times neşirine salgylanyp, lenta.ru ýazýar.

ABŞ we Hytaý aşa köp bergi etdiler, Germaniýanyň bolsa karzy köp däl. Dünýä söwdasynyň pese düşýän döwründe nemes eksportynyň goraglylygyna bilermenler ýokary baha berdiler. Germaniýanyň işgärleriniň aglabasy döwletiň doly däl iş wagty syýasaty netijesinde öz iş orunlaryny we zähmet haklaryny saklap galdylar — kompaniýalar doly däl iş güni bilen iş orunlaryny saklaýandyklary üçin töleg alýarlar. Ýurtda işsizlik bary-ýogy 6%-e barabar.
Germaniýa çökgünlik döwrüne döwlet býujetinde girdeji bölegini artmagy bilen girdi. Hökümet maşgalalara göni töleg ibermegi, salgytlary azaltmagy, işewürlik üçin karz bermegi başardy, berlen kömegiň umumy möçberi jemi içerki önümiň 55 göterimine barabar boldy. Ýurt goňşy Ýewropa döwletlerine hem maliýe kömegini bermäge razylaşdy. Köp sanly beýleki ýurtlardan tapawutlylykda, Germaniýa ähli çökgünlik hadysalaryndan baş çykarmaga ukyply diýip, neşir belleýär.
Ýurduň JIÖ-niň pandemiýanyň ýüze çykaran netijeleri sebäpli 2020-nji ýylda 6,3% kemelmegine garaşylýar. Birinji çärýekde ykdysadyýet 2019-njy ýylyň soňky üç aýy bilen deňeşdirilende 2,2 göterim pese gaçdy.
Şeýle-de, pandemiýanyň gaty zyýan ýetirmejek beýleki ýurtlary hem bellenilip geçildi. Ykdysadyýetçileriň pikiriçe, bu hökümeti irki tapgyrlarda koronawirusyň ýaýramagyny basyp ýatyran Wýetnam hem-de ýolbaşçylygy birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurduň daşky maliýe basyşlaryndan goragy üçin çäreleri kabul eden Russiýa.

şu gün 11:05
2.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......