Coca-Cola Türkmenistanda önümçiligi gaýtadan dikeldýär

  • 19.07.2020 14:05
  • 40k+

Türkmenistanda Coca-Cola gaýtadan öndürilip başlandy. Iýul aýynyň başynda ýerli bazarda "Türkmenistan Coca-Cola Bottlers" kompaniýasy “Klassik” we “Zero” markalary bilen meşhur içgini paýlap başlady, diýip Arzuw News belleýär.

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” nyşany bilen öndürilen bu içgiler import edilýänlere garanyňda, bazarda 3 esse arzan satylýar. Şeýlelik bilen, ýerli önümçiligiň bir litrlik "Klassik" kolasy 10 manatdan, 1 litr "Zero" - 8 manatdan satylýar.
Ýadymyzda bolsa, soňky ýyllarda ýerli “Coca-Cola” öndürijisi ýokarda agzalan görnüşleriň önümçiligini wagtlaýyn togtadypdy. 2019-njy ýylda bolsa kompaniýa meşhur “Sprite” içgisini öndürip başlapdy.
2009-njy ýyldan bäri “Türkmenistan Coca-Cola Bottlers”-iň 59,5% paýy “Coca-Cola İçecek” (CCI) türk kompaniýasyna degişlidir.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......