Alibabany esaslandyryjy Jek Ma bir ýylyň içinde kompaniýadaky paýyny 4,8%-e çenli kemeltdi

  • 14.07.2020 11:36
  • 10k+

Alibaba kompaniýasyny esaslandyryjy Jek Ma paýnamalaryň häzirki bahasynda kagyzlary $8,2 milliarda satyp, bir ýylyň içinde internet-holdingdäki paýyny 6,2-den 4,8%-e çenli peseltdi. Bu barada Reuters Alibabanyň materiallaryna salgylanmak bilen ýazýar. Muny vedomosti.ru ýetirýär. 31-nji martda tamamlanan maliýe ýylynyň hasaby boýunça, Alibaba Group kompaniýasynyň paýnamalary bahada 40% ýokarlandy.

Alibabanyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Jozef Saý hem kompaniýadaky özüniň paýyny 2019-njy ýylda 2,2-den 1,6 göterime çenli azaltdy. Agentligiň bellemegine görä, Ma hem, Saý hem Daniel Çžan holdingiň ýerine ýetiriji müdiri wezipesinde Manyň yzyny dowam etdiriji diýlip yglan edilenden soň, Alibabany dolandyrmaga kän gatnaşmaýarlar. Çžan Alibaba 2019-njy ýylyň sentýabrynda ýolbaşçylyk edip başlady.
Alibabany bile esaslandyryjy Jozef Saýa häzir kompaniýanyň 1,6 göterimi degişli diýlip, relizde aýdylýar. Bir ýyl mundan öň 2,3 göterimdi. Reutersiň hasaplamasy boýunça, paýnamalaryň satuwynyň netijesinde Saý $4,1 mlrd gazandy. 65 000-den gowrak ştat işgäri işleýän Alibabanyň kapitallaşdyrmasy $600 milliarda barabar. Ma Hytaýda iň baý adamlaryň biri hasaplanylýar, onuň baýlygyny Forbes $48,9 milliard diýip bahalandyrýar.

27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......