Jeff Bezosyň öňki aýaly ABŞ-nyň iň baý aýaly diýlip ykrar edildi

  • 13.07.2020 19:06
  • 16k+

Forbes neşiriniň maglumatlary boýunça, Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň öňki aýaly Makkenzi Bezosyň baýlygy bir hepdäniň içinde alty milliard dollar ýokarlandy we 62,3 mlrd dollara ýetdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Şeýlelik bilen, Makkenzi Bezos Amerikanyň iň baý zenanlarynyň reýtinginde 57,3 milliard dollar möçberde baýlygy bolan Walmart dükanlar toruny döredijiniň gyzy Elis Uoltony gysyp çykaryp, birinji setiri eýeledi. Indi dünýäde Makkenzi Bezosdan baý bolan ýekeje zenan bar. Ol L’Oreal imperiýasynyň mirasdüşeri Fransuaza Betankur-Maýer. Onuň baýlygyny Forbes 64 milliard dollar diýip bahalandyrýar.
Ýöne Amazon kompaniýasynyň paýnamalarynyň häzirki ösüş depginini saklamak bilen Makkenzi Bezos Fransuazdan aňsatlyk bilen öňe geçer we dünýäniň iň baý zenany bolar. 9-njy iýulda Jeff Bezosyň baýlygy 180 milliard dollardan geçmek bilen ýene bir gezek doly derejeli rekord goýdy. Jeff bilen Makkenzi Bezosyň aýrylyşmagy netijesinde Makkenzi kompaniýanyň paýnamalarynyň 25%-ini aldy, şonda olar 36 milliard dollara durýardy. Ýöne şunuň bilen birlikde koronawirus pandemiýasy döwründe kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy ýokarlandy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......