Eýranyň Nebit ministri: Türkmen gazy üçin hasaplaşmagyň ýollary maslahatlaşylar

  • 12.07.2020 22:36
  • 16k+

Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Bijan Zangane, ikitaraplaýyn şertnamalara laýyklykda, Türkmenistandan Eýrana ozal ugradylan gazyň bergisini tölemegiň ugurlarynyň we ýollarynyň maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Bijan Zangane, Eýranda “Ýaran” nebit ýatagyny özleşdirmek baradaky şertnama gol çekişlik dabarasynda žurnalistler bilen geçirilen metbugat ýygnagynda Halkara Arbitraž Kazyýetiniň Eýran-Türkmen gaz dawasy baradaky kararyna ilkinji gezek teswir berdi diýip, Eýranyň farsnews.ir habar gullugy habar berýär. Ministr Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň Eýrana dostdugyny, Yslam Respublikasynyň goňşy ýurt bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini belledi. “Eýranyň sanksiýalar sebäpli pul geçirip bilmejekdigini we Türkmenistana bergisini töläp bilmejekdigini ýatladýaryn. Halkara söwda dawalary ýüze çykýaram, çözülýärem, ýöne gürrüň kimiň ýeňendigi, kimiň ýeňilendigi we kime jerime salynandygy barada däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Zangane ozal Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bilen türk Botaşynyň arasynda kazyýet işiniň geçirilendigini, emma netijede häzirki wagtda kompaniýalaryň arasynda ýene-de dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini ýatlatdy.
Eýranyň Nebit ministri ozal import edilen türkmen gazy üçin karzlaryň toplanmagy barada-da pikirini beýan etdi. “Sanksiýalar sebäpli türkmen tarapyna wagtynda pul geçirip bilmedik, şonuň üçinem Halkara Arbitraž Kazyýetiniň Milli gaz kompaniýamyzyň “Türkmengaza” bergisini tölemegi baradaky karary biziň üçin garaşylmadyk zat däldi" – diýip, IRNA habar gullugy onuň sözlerini getirýär. Eýranyň nebit ministri Eýranyň we Türkmenistanyň gaz kompaniýalarynyň arasynda täze şertnama baglaşmagyň mümkinçilikleri baradaky soraga jogap berdi. "Bu sorag iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin gatnaşyklaryň çäginde kesgitlener" diýip, MEHR habar gullugy Zanganeniň sözüne salgylanýar. Eýranyň Nebit ministri, Eýran bilen Türkmenistanyň gaz dawasyndaky käbir düşnüksizlikleri düşündirip, bu şertnama Eýran Yslam Respublikasynyň hem, Nebit ministrliginiň hem gol çekmändigini, munuň Eýranyň Milli Gaz Kompaniýasy bilen Türkmen Gaz Kompaniýasynyň arasyndaky söwda şertnamasydygyny we Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň iberilýän çig mal üçin töleg tölemändigi sebäpli gazyň Türkmenistan tarapyndan kesilmegi bilen baglanyşykly düşünişmezlikler we jedeller bilen baglanyşyklydygyny aýtdy diýip, tabnak.ir internet-neşiri ýazýar. Ýakynda Halkara Arbitraž Kazyýetiniň (ICA) Eýran-Türkmen gaz dawasy baradaky kararyny yglan edendigini ýatladýarys.
“IRNA, Nebit ministrliginiň we Milli Eýran gaz kompaniýasynyň (NIGC) maglumatlaryna esaslanyp, 2007-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Türkmenistandan satyn alnan gazyň bahasyny tölemezlikde günäkärlenendigini mälim etdi. Heniz ähli jikme-jiklikleri aýan edilmedik karara laýyklykda, Eýran bu berginiň aşagyndan çykmak üçin Aşgabada 2 milliard dollara golaý töleg tölemäge borçly edildi".
Şeýle hem Halkara Arbitraž Kazyýetiniň düzgünlerine görä, iki tarap hem ylalaşmasa, Nebit ministrligi we Milli Eýran gaz kompaniýasy kazyýetiň kararynyň jikme-jiklikleriniň çap edilmejekdigini nygtady.
Ýadymyzda bolsa, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz dawasy 2017-nji ýylda, eýran tarapynyň Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasyna gaz üpjünçiligini 1-nji ýanwardan bes etdi diýen habary bilen baglanyşykly ýüze çykypdy. Muňa jogap hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aşgabadyň Eýranyň ozal iberilen gaz üçin bergisi sebäpli gaz üpjünçiligini azaltmaga mejbur bolandygyny aýdypdy. Uzaga çeken gepleşiklere garamazdan, taraplar özara ylalaşyga gelip bilmediler we «Türkmengaz» döwlet konserni Halkara Arbitraž Kazyýetine ýüz tutmaga mejbur boldy.

şu gün 15:16
2.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

düýn 21:08
9.1k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....