“Sony” “Epic Games” kompaniýasyna 250 million dollar maýa goýýar

  • 11.07.2020 11:36
  • 6k+

“Sony” ýapon kompaniýasy "Epic Games" kompaniýasyna 250 million dollar maýa goýlandygyny mälim etdi. Bu barada 1prime.ru habar berýär.

"Epic Games" kompaniýasy, esasan, meşhur “Unreal Engine” oýun hereketlendirijisini we “Fortnite”-iň ýokary üstünlikli multipleýer oýunyny döredendigi bilen tanalýar.
Bu maýa goýumlary bilen “Sony” "Epic Games"-de, takmynan, 1,4% paý alýar. "Epic Games"-iň umumy gymmaty häzirki wagtda, takmynan, 18 milliard dollar bahalandyrylýar. "Epic Games", şol bir wagtyň özünde, “Sony”-niň ýagdaýyna garamazdan, dürli platformalarda oýunlary çap etmek hukugyny özünde saklaýar.
“Sony” 2020-nji ýylyň ahyrynda ýaýradylmagy meýilleşdirilýän täze nesil - “Sony PlayStation 5” oýun konsolyny satuwa çykarmagyň üstünde işleýär. “Epic Games” bolsa PS5-de oturdyljak iň soňky “Unreal Engine 5” hereketlendirijisiniň iş görnüşini görkezdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......