Amazon ABŞ-nyň çäklendirmesini bozandygy üçin $135 müň tölär

  • 09.07.2020 23:31
  • 4.3k+

ABŞ-nyň Maliýe ministrligi Amazona Krymyň ýaşaýjylaryna harytlary satandygy üçin jerime saldy. Çäklendirme meýilnamalaryny bozandygy üçin internet-dükany 135 müň dollar tölär. Bu barada ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň daşary ýurtlaryň işine jogapkärçilik boýunça edarasy (OFAC) habar berdi. Muny 360tv.ru ýetirýär.
Resminamada 2011-nji ýyldan 2018-nji ýyllar aralygynda Amazon kompaniýasynyň ABŞ-nyň çäklendirmesi astynda bolan sebitleriň ýaşaýjylaryna hyzmatlary we harytlary hödürländigi bellenilýär. Ýagny, gürrüň Krym, Eýran we Siriýa barada gidýär. Şeýle-de dükan çäklendirme sanawynda görkezilen ýa-da bu ýurtlaryň diplomatik wezipelerinde işlän müşderilere hem hyzmat etdi.

Kompaniýanyň awtomatik gözden geçiriji ulgamlary Krym salgylaryny çäklendirme astyndaky sebitleriň salgysy hökmünde kesgitläp bilmedi. ABŞ-nyň Maliýe ministrliginde kompaniýa amerikan kanunyny hususy tehnologiýalaryň kämil däldigi sebäpli bozdy diýip bellediler. Şeýlelik bilen, Ýaltada sargytlaryň eýeleri “Krym” sözünde orfografik ýalňyş goýbermek bilen kompaniýanyň hyzmatlaryndan arkaýyn peýdalanyp bildiler, awtomatik gözden geçiriji ulgamlar bolsa ony ýüze çykaryp bilmedi.
Eýran barada aýdylanda, onda kompaniýanyň ýalňyşlygy onuň ýükleri yslam respublikanyň özüne däl-de, onuň beýleki ýurtlardaky diplomatik wekilliklerine ibermeginde boldy. Amazon million dollardan gowrak tölemelidi, ýöne ony pese düşürdiler. OFAC düzgün bozmany ähmiýetsiz diýip hasaplady, şeýle-de kompaniýanyň bu barada meýletin habar berendigine üns berdi.
Belläp geçsek, Amazon uly internet-dükany hasaplanylýar. Kompaniýanyň eýesiniň baýlygy 170 milliarddan ýokary diýlip bahalandyrylýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......