Ispaniýa işewürlik üçin ýene-de 50 mlrd ýewro bölüp berer

  • 06.07.2020 06:00
  • 2.5k+

Ispaniýanyň hökümeti COVID-19 koronawirusy sebäpli girizilen karantiniň täsirlerinden zyýan çeken biznese 50 mlrd ýewro möçberinde ykdysady kömegiň täze toplumyny kabul etdi. Bu barada 1prime.ru habar berýär.
“Çäreleriň täze toplumynyň maksady COVID-19 sebäpli ýüze çykan çökgünlikden soň ykdysadyýetdäki dikelme işlerini güýçlendirmekden we çaltlandyrmakdan ybaratdyr. Munuň üçin maýa goýumy çekmeklige we öz gezeginde müňlerçe iş ornuny saklajak kompaniýalaryň töleýjilik ukybyny berkitmeklige gönükdirilen birnäçe çäreler kabul ediler” – diýlip, hökümetiň habarnamasynda aýdylýar.
Kabul edilen çäreleriň arasynda 40 milliard ýewro möçberinde döwlet karz pul beriji ugruny döretmek hem bar. Öň hökümet likwidlikde zerurlyklary kanagatlandyrmak maksady bilen 100 milliard ýewro möçberinde karz pul ugruny açdy. Ýene-de 10 milliard ýewro strategik kompaniýalaryň töleýiş ukybyny goldamaklygyň täze fonduna gider. Maksat – çökgünligiň netijesinde zyýan çeken kompaniýalara olaryň töleýjilik ukybyny üpjün etmek üçin wagtlaýyn goldaw bermek.
Mundan başga-da, hökümet raýatlara awtomobillerini täzelemegine kömek bermek meýilnamasyny gutarnykly tassyklady – kömek täze ekologiki arassa ulag serişdeleriniň satyn alnan ýagdaýynda 300-den 4 müň ýewro çenli möçberde berler. Bu maksatlar üçin 250 mln ýewro bölünip aýrylar, ähli önümçilik zynjyrynda girdejiler 1,1 milliard ýewro barabar bolar, bu bolsa 7,4 müň iş orunlaryny saklamaga mümkinçilik berer.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......