Dünýäniň iň baý adamsynyň baýlygy rekord derejeli $172 milliarda ýetdi

  • 04.07.2020 15:24
  • 8.5k+

Jeff Bezosyň baýlygy $172 milliarda ýetdi. Muny Bloomberg Billionaries Index reýtinginiň maglumatlary delillendirýär, bu reýtingde ol birinji orny eýeleýär. Bu barada kommersant.ru habar berýär.
Bu görkeziji Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy üçin täze rekorddyr. Ozalky $167,7 mlrd möçberde maksimum, reýtinge laýyklykda, 2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda goýuldy. Bezosyň baýlygy kompaniýanyň paýnamalarynyň ýokarlanmagynyň hasabyna ösdi: 1-nji iýulda söwdada ol 4,4%, ýagny bir sanyna rekord derejeli $2878,7-ä çenli ýokarlandy. Bezosa ownuk söwda paýnamasynyň 11%-i degişlidir, diňe ýylyň başyndan bäri ol $56,7 milliard baýady.
Bezosyň öňki aýaly, aýrylyşmadan soň kompaniýanyň paýnamasynyň 4%-iniň eýesi bolan Makkenziniň baýlygyny Bloomberg $56,9 mlrd diýip bahalandyrdy. Koronawirus pandemiýasy döwründe, ýagny onlaýn söwdanyň sanynyň birbada ösen wagtynda jenap Bezosyň baýlygy ýokarlanyp başlady. Onuň aýalynyň baýlygy hem bir ýerde durmady. Ol şu wagtyň içinde 54% ýokarlandy we häzir Makkenzi Bezos özüniň $57 milliardy bilen Bloomberg reýtinginde 12-nji orny eýeleýär.
Maý aýynyň ortalarynda Comparisun kompaniýasynyň hünärmenleri Bezos 2026-njy ýylda $1 trilliondan ýokary baýlygy bolan birinji adam bolup biler diýip çakladylar. Analitikler soňky bäş ýylyň içinde kompaniýanyň ýolbaşçysynyň emläginiň bahasynyň ýylda 34% ortaça depgin bilen ösendigini bellediler. Şu ýylda öz baýlygyny artdyranlaryň köpüsi tehnologik pudagynyň wekilleri bolup durýar diýip, Bloomberg ýazýar. Olaryň arasynda 1-nji ýanwardan bäri $25,8 mlrd baýan Tesla kompaniýasynyň baş müdiri Ilon Mask we baýlygy tas dört esse, ýagny $13,1 milliarda çenli ýokarlanan Zoom kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erik Ýuan hem bar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......