TikTok Hindistanda işini doly derejede bes etdi

  • 02.07.2020 09:10
  • 5.1k+

Hindistanyň elektronika we informasion tehnologiýalar ministrligi bikanun usul bilen ulanyjy maglumatlaryny peýdalanýan we olary Hindistanyň çäginden daşary iberýän käbir mobil programmalarynyň üstünden birnäçe şikaýat aldy. TikTok programmasy hindi hökümetini Hytaýda işlenilip taýýarlanylan programmalary blok etmek kararyna geleninden soň, Hindistanda işini doly derejede bes etdi. Bu barada TASS habar berýär. Indi bu programma girmäge synanyşyk edilende TikTok India kompaniýasynyň ýurduň hökümetiniň kararyny ýerine ýetirýändigi barada duýduryş peýda bolýar.
“Hormatly ulanyjylar, biz Hindistanyň hökümetiniň 59 programmany blok etmek baradaky direktiwasyny ýerine ýetirmek prosesinde ýerleşýäris we meselä has gowy düşünmek hem-de indiki etmeli hereketleri öwrenmek üçin hökümet bilen işleşýäris. Hindistandaky ähli ulanyjylarymyzyň konfidensiallygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek biziň üçin birinji ýerde durýar” – diýlip, habarnamada aýdylýar.
TikTok-dan başga-da, WeChat jemgyýetçilik toruny, UC brauzerini, Clash of Kings oýnuny, Weibo mikrobloglar hyzmatyny we beýlekileri blok etmek kararyna geldiler. Ministrlik bu programmalaryň işi “Hindistanyň garaşsyzlygyna we bitewiligine zyýan ýetirýär”, şeýle-de döwletiň howpsuzlygyna we jemgyýetçilik tertibine howp salýar diýip hasaplaýar. Olaryň pikiriçe, blok etmek ýurtda hindi mobil programmalarynyň we Tory ulanyjylaryň peýdasyna bolar.
Öň, TikTok India kompaniýanyň ýolbaşçysy Nikhil Gandi kompaniýanyň Twitterde ýerleşdirilen beýannamasynda programmanyň hiç haçan beýleki ýurtlaryň hökümetlerine, şol sanda HHR-e maglumat bermändigini belledi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......