Kanada, ABŞ we Meksika täze düzgün boýunça söwda edip başlarlar

  • 01.07.2020 18:30
  • 3.8k+

Kanada, ABŞ we Meksika täze düzgün boýunça söwda edip başlaýarlar. Üýtgeşme awtomobil, süýt önümleri we metallurgiýa pudagyna degişli bolar. Bu barada TASS-a salgylanmak bilen nevnov.ru habar berýär.
Üç ýurduň täze söwda ylalaşygy (The Agreement between the United States of America, the United Mexican States, and Canada - USMCA) 1994-nji ýyldan bäri hereket edýän resminamanyň ýerini çalşyrar. Ol 1-nji iýuldan güýje girer. Ony gözden geçirmek boýunça gepleşikler 2017-2018-nji ýyllar aralygynda alnyp baryldy. Şertnama 2018-nji ýylyň noýabrynda Buenos-Aýresde G20 sammitinde gol çekildi. USMCA ylalaşygy üç sany demirgazyk amerikan ýurtlarynyň arasynda her ýylda $1,5 trln möçberde girdejili uly halkara bazarynda söwdanyň düzgünlerini sazlaýar.
Indi awtomobilleriň önümçiliginde ulanylýan alýuminiň, aýnanyň, ähli poladyň 70%-i Demirgazyk Amerikada öndürilmeli. ABŞ bilen Kanadanyň arasynda süýt önümleri pudagyna degişli bolan gepleşikler agyr gepleşikleriň biri boldy. Netijede, amerikanlara Kanadanyň süýt önümleri bazaryna gümrük haksyz 3,6% elýeterliligi gazanmak başartdy. Mundan başga-da, Kanada ultrasüzülen süýdüň ýola goýulmagyna hereket edýän çäklendirmeler hem aýrylar. Şeýle-de, intellektual eýeçiligiň goragyna degişli bolan şertnamanyň punkt kadalary hem üýtgedildi. Awtorlyk hukugynyň hereket edýän döwri hem awtoryň ölüminden soň 50-den 70 ýyla çenli artdyryldy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp täze ylalaşyk JIÖ-iň 1%-inden gowrak ösüşini üpjün eder, köp sanly iş orunlaryny döreder we ABŞ-da ykdysady migrantlaryň akymyny kemelder diýip hasaplaýar. Ýöne pandemiýa şertlerinde ylalaşygyň täsiri has ujypsyz hem bolup biler. Hünärmenler täze ylalaşyk ABŞ-nyň dünýäden ykdysady üzňeligine getirip bilmeginden ätiýaç edýärler.

düýn 10:17
4.6k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......