ABŞ Huawei bilen bäsdeşlik üçin Nokia we Ericsson kompaniýalaryny satyn almagy meýilleşdirýär

  • 01.07.2020 18:06
  • 5k+

Amerikan hökümeti telekommunikasion bazarynda tutýan ornuny güýçlendirmegiň alternatiw görnüşlerini gözden geçirýär. “The Wall Street Journal” neşiriniň habar bermegine görä, ABŞ Huawei bilen bäsdeşlik üçin Nokia we Ericsson kompaniýalaryny satyn almagy meýilleşdirýär. Muny vladtime.ru belleýär.
“Bu pikir ABŞ-nyň özüniň Hytaý bilen öňdebaryjy tehnologiýalar bilen dünýäni kimiň üpjün etjekdigi baradaky göreşinde has ýokary zatlara taýýardygyny görkezýär” – diýip, gazet ýazýar.
Hytaý kompaniýasyna telekommunikasion enjamlaryň dünýä bazarynyň 28%-i degişli, ol ony “Aziýadan Germaniýa çenli” satýar. Amerikan ýola goýujylary Huawei bilen bäsleşmekde heniz kiçi gelýärler, bu bolsa hytaý enjamlaryny satyn almak islemeýän simsiz aragatnaşygyň uly operatorlarynyň heniz hem üç sany – Ericsson, Nokia we Samsung Electronics Co. halkara kompaniýalaryna bil baglaýandygyny aňladýar.
Materialyň awtorynyň aýtmagyna görä, amerikan syýasatçylary Ýewropa kompaniýalaryny öňden bäri Huawei bilen bäsdeşligiň guraly hökmünde görýärler. Bu meýilnamany durmuşa geçirmäge koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy päsgel berdi. Muňa garamazdan, Trampyň edarasynyň wekilleri Nokia we Ericsson kompaniýalaryny satyn almak üçin ýerli tehnologik kompaniýalary bilen gepleşiklerini belläp geçdiler.
Meýilnamanyň awtorlary “Huawei garşy” hyzmatdaşlygyna Ýewropa kompaniýalary üçin salgyt ýeňilliklerini ýa-da ýerli öndürijilere döwlet goldawyny bermegi meýilleşdirýärler. “The Wall Street Journal” neşiri NASA-nyň ozalky işgärleri bilen hünärmenler topary tarapyndan düzülen hasabatyň hereket edýändigini görkezýär. Resminamanyň awtorlary bazarda Huawei-niň garşydaşy bolup biljek täze tehnologik birleşigi döretmegi teklip edýärler. Şeýle başlangyjy ýerli IT-bölümleri kanagatlylyk bilen garşyladylar, maliýe toparlary bolsa şeýle çäräniň şowly boljakdygyna ynanýarlar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......