Nike $790 mln möçberde zyýan çekdi

  • 29.06.2020 12:21
  • 5.3k+

Dünýäde sport eşiklerini we aýakgaplaryny iri öndürijileriň biri bolan Nike amerikan kompaniýasy koronawirus pandemiýasy fonunda çärýek boýunça $790 mln möçberde zyýan çekdi. Bu barada kompaniýanyň neşir edilen hasabatynda aýdylýar. Muny regnum.ru habar berýär. 
Resminamadan belli bolşuna görä, kompaniýanyň girdejisi 2020-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýegi boýunça (ABŞ-da bu çärýek 31-nji maýda tamamlanýar) $6,3 milliarda barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanda 38% pes. Bu döwürde kompaniýanyň Demirgazyk Amerikada, EMEA sebitlerinde, Okeaniýada we Latyn Amerikada fiziki dükanlarynyň 90%-i koronawirus pandemiýasy sebäpli iki aý işlemedi. 2019-njy ýylyň degişli döwründe kompaniýanyň arassa girdejisi $989 million boldy. Şunuň bilen birwagtda kompaniýa onlaýn režiminde satuwyň 75% ösüşi barada habar berdi. Şeýle-de, Nike administratiw çykdajylaryň 6% we beýleki önümçilik däl çykdajylaryň $3,2 milliarda çenli kemelmegini gazandy. 
Muňa garamazdan, kompaniýanyň arassa girdejisini almak başartmady we onuň ýitgileri hasabat döwri boýunça $790 milliona ýa-da paýnama boýunça $0,51-e barabar boldy. Şeýle netijäni kompaniýa täze koronawirus pandemiýasynyň täsiri bilen düşündirýär. Tutuş maliýe ýylynyň jemi boýunça Nike kompaniýasynyň girdejisi 4%, ýagny $37,4 milliarda çenli pese gaçdy, arassa girdeji $2,5 milliarda barabar boldy, onlaýn satuwlar 47% ýokarlandy. Hut koronawirus pandemiýasy kompaniýanyň onlaýn-söwdasynyň ösmegine güýçli itergi berdi. Şonuň netijesinde kompaniýanyň ýolbaşçylygy 2023-nji ýyla çenli onlaýn-söwdanyň paýyny artdyrmak boýunça maksadyny güýçlendirdi: öň bu paý kompaniýanyň tutuş satuwynyň 30%-i bolar diýlip meýilleşdirilýärdi, indi Nike ony 50%-e çenli ýetirmekçi bolýar.
Häzir Nike alyjylaryň ýuwaş-ýuwaşdan fiziki dükanlara dolanyp başlandygyny belleýär. Eýýäm kompaniýanyň dünýäde söwda nokatlarynyň 90%-i açyldy: tas 100% - Hytaýda, 85% töweregi – Demirgazyk Amerikada, takmynan, 90% - EMEA-da. 

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......