Coca-Cola milletparazlyk sebäpli jemgyýetçilik torlarynda mahabatlary ýerleşdirmegi wagtlaýyn togtatdy

  • 29.06.2020 11:59
  • 16k+

Coca-Cola Company milletparazlyk postlarynyň ýerleşdirilmeginde günäkärleme sebäpli Facebook tarapyndan yglan edilen “aragatnaşygy kesme” fonunda jemgyýetçilik torlarynda mahabatlary ýerleşdirmegi wagtlaýyn togtatmak kararyna geldi. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Jeýms Kuinsiniň beýannamasynda aýdylýar, muny rbc.ru ýetirýär.
“Dünýäde milletparazlyga ýer ýok, jemgyýetçilik torlarynda hem milletparazlyga ýer ýok. Coca-Cola kompaniýasy jemgyýetçilik torlarynyň ähli meýdançasyndaky tölegli mahabatlary azyndan 30 günlük togtadar” – diýip, Kuinsi aýdýar we şu wagtyň içinde kompaniýanyň mahabat syýasatyny gözden geçirjekdigini sözüniň üstüne goşýar. Ol kompaniýanyň hyzmatdaşlyk edýän jemgyýetçilik torlary tarapyndan giňişleýin hasabat bermä we düşündirişe garaşýandygyny hem aýtdy.
19-njy iýunda “Color of Change”, “ABŞ-nyň antidiffamasion ligasy” (ADL), “Ak jynsdan bolmadyk ilatyň ösüşine ýardam etmegiň milli assosiasiýasy” (NAACP) guramalary we beýleki hukuk goraýjy guramalar iýulda Facebook-da milletparazlyk häsiýetli informasion mazmunyň jemgyýetçilik tory tarapyndan düzgünleşdirilmeýändigi sebäpli garşylyk görkezmek maksady bilen mahabatlary ýerleşdirmegi bes etmäge çagyrdylar.
ABŞ-da soňky hepdeler jynsparazlygy ýok etmäge degişli meselelere aýratyn üns berilýär. Munuň sebäpleriniň biri afrika-amerikan Jorj Floýduň Minneapolisde ýogalmagy boldy. Düzgüni goraýjylar 25-nji maýda ony tutanlarynda demikdiriji usuly ulandylar. Şondan soň Jorj hassahanada ýogaldy. Floýduň ölüminden soň ştatlaryň birnäçesinde garaýagyz adamlaryň hukuklarynyň kemsidilmegine garşy nägilelik aksiýalary başlandy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......