Kazyýet "Telegramy" Gram kriptografik walýuta alyjylaryna 1,2 milliard dollar tölemäge borçly etdi

  • 28.06.2020 13:26
  • 4.4k+

Telegram Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kazyýetiniň karary bilen, Gram kriptografik walýuta alyjylaryna 1,2 milliard dollar tölemeli bolar. Has takygy, Nýu-Ýorkyň etrap kazysynyň kararyna laýyklykda, Telegram Gram kriptografik walýuta alyjylaryna 1 milliard 224 million dollar, raýat-hukuk öwezini dolmak üçin bolsa 18,5 million dollar tölär. Bu barada Sputnik portaly habar berýär. Kazy kararda aýyplanýan bilen dawagäriň özara ylalaşandyklaryny aýtdy, ýöne bu aýyplamalary boýun almak hem, olary inkär etmek hem däldir.
Şeýle hem, kazyýet "Telegrama" bu tehnologiýany ulanmaga başlamazdan bir ýarym aý ozal kriptografik walýuta ýa-da şuňa meňzeş gurallary çykarmak niýeti barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häkimiýetlerine habar bermegi buýurdy.
"Telegram" Telegram Open Network blokçeýn-platformasyny 2018-nji ýylyň başynda işläp taýýarlamaga başlapdy. 2019-njy ýylyň fewral we mart aýlarynda kompaniýa iki ýüz maýadardan, takmynan, 1,7 milliard dollar maýa çekip bildi. Şeýle-de bolsa, geçen güýzde ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we bazarlar komissiýasy "Telegrama" ICO bilen baglanyşykly kriptografik walýutanyň hasaba alynmandygy we şeýlelik bilen gymmatly kagyzlar kanunyny bozandygy üçin kazyýet işini açandygyny aýtdy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......