Microsoft ownuk söwda dükanlarynyň köpüsini ýapar

  • 27.06.2020 17:32
  • 3.3k+

Ownuk söwda işlerine täzeçe çemeleşmäniň çäklerinde Microsoft kompaniýasy özüniň ownuk söwda dükanlarynyň köpüsini ýapar. Bu barada korporasiýanyň saýtynda aýdylýar, muny monavista.ru ýetirýär. Oflaýn dükanlarda işlän ähli işgärler ofislerde ýa-da belli bir aralykdan işlärler.
Ownuk söwda dükanlarynyň işini Microsoft COVID-19 koronawirus infeksiýasynyň pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda heniz mart aýynyň ahyrynda-aprel aýynyň başynda saklapdy. Indi Microsoft özüniň güýjüni onlaýn-söwdany ösdürmek bilen, kompaniýanyň saýtynda sanly dükanlaryň ösüşine gönükdirmegi meýilleşdirýär. 
“Biziň söwdamyz onlaýn görnüşde ösdi, çünki önümler portfeli esasan sanly tekliplere öwrüldi we biziň zehinli toparymyz fiziki lokasiýalaryň çäginden daşarda müşderilere hyzmat etmekde üstünlikli netijeleri görkezdiler” – diýip, Microsoft Corporate korporasiýasynyň wise-prezidenti Dewid Porter belleýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......