Italiýa syýahatçylara mugt dynç almaklygy hödürleýär

  • 27.06.2020 17:15
  • 6.3k+

Molize italýan sebitiniň hökümeti syýahatçylara mugt dynç alşy hödürledi. Bu barada profile.ru habar berýär. Syýahatçylar dynç alşa öz maşgalalary bilen gelip, bir hepdäniň dowamynda boş willalarda ýaşap bilýärler. Obýektleriň arasynda iki, üç we dört ýatylýan otagly görnüşleri hem bar. “The Sun” neşiriniň habar bermegine görä, Regalati il Molise (“Özüňize Molizäni sowgat ediň”) ady bilen paýnama şäheriň meriýasynyň başda durmagy esasynda Amici Del Morrutto medeni assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlykda işe girizildi. Taslamanyň çäklerinde syýahatçylara 4-nji iýuldan 3-nji oktýabra çenli aralykda hereket etjek 40 sany mugt ýollanmany hödürlediler.
Rimden iki sagat ýol uzaklykda ýerleşýän Molizede mugt dynç alyş üçin ýörite formany italýan dilinde doldurmaly we siziň ol ýerde näme üçin dynç almak isleýändigiňizi görkezmeli. Her bir öýde 5-den köp bolmadyk adam ýaşap bilýär. Syýahatçylaryň çagyrylan sebitinde 305 müň ýaşaýjynyň ýaşaýandygy bellenilýär. Taslamanyň awtorlary köp öýleriň olaryň hojaýynlarynyň “has baý ýerlere” göçýändigi sebäpli boşaýandygyny aýdýarlar.
“Bu owadan, ýöne adamsyz obalar, olarda syýahatçylyk jaýlary ýok. Şonuň üçin biz syýahatçylygyň rekordly pes derejede ýerleşýän wagty adamlaryň bu ýerlere gelmesini nähili höweslendirip bolar diýip pikirlendik” – diýip, taslamanyň awtorlarynyň biri Enso Luongo belleýär.
Molize – koronawirus epidemiýasyndan zyýan çekmedik Italiýanyň sebitleriniň biri. Ol syýahatçylaryň arasynda kän bir meşhur däl, şonuň üçin şeýle çäre bilen sebitiň hökümeti syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmek isleýär.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......