Google habar beriş serişdelerine habarlary üçin töläp başlar

  • 27.06.2020 17:00
  • 4.3k+

Google kompaniýasy üç ýurduň neşirýaty bilen olara “ýokary hilli” informasion mazmuny üçin tölejekdigi barada ylalaşdy. Geljekde korporasiýa şeýle şertnamalaryň sanyny artdyrmakçy bolýar. Bu barada forbes.ru habar berýär.
Google Germaniýadan (Spiegel Group), Awstraliýadan (Solstice Media) we Braziliýadan (Diarios Associados) neşirýatlara olaryň berýän informasion mazmunlary üçin tölär. Bu barada kompaniýanyň blogynda aýdylýar.
Baglaşylan lisenzion şertnamanyň şertleri boýunça, HBS Google-iň täzelikler serwisinde hödürlenilen we neşir edilen informasion mazmunlary üçin töleg alarlar. Kompaniýa şertnamanyň maliýe taraplaryny neşir edilýän informasion mazmunyň sanyna we görnüşine görä baglydygyny belläp, ony atlandyryp durmady. Täzelikler üçin önümleri dolandyrmak boýunça kompaniýanyň wise-prezidenti Bred Bender blogda bu şertnamanyň neşirýatlara internetde uly gurşawa eýe bolmagyň hasabyna öz informasion mazmunlaryny girdejä öwürmäge mümkinçilik berjekdigini ýazýar. “Biz dürli ýurtlardan birnäçe neşirýatlar bilen hyzmatdaşlyk edip başladyk, bahym bu işe beýlekiler hem goşular” – diýip, Bender belleýär.
Kompaniýanyň şeýle şertnamany baglanyşmak pikiri ilkinji gezek fewralda belli boldy. Ylalaşygyň gazanylmagy gözlegiň netijesinde informasion mazmunlarynyň görkezilişi üçin töleg talap edýän neşirýatlar üçin esasy ädim bolup biler diýip, neşir belleýär.
Bloomberg agentligi köp ýyllaryň içinde mediakompaniýalaryň Google kompaniýasyny we beýleki internet-platformalary olaryň informasion mazmunlaryny ulanýandygy we sanly mahabatlaryň üstünden gözegçiligi üçin tankyt etdiler. Öň täzelik mazmuny üçin töleg tölemek kararyna Google-iň sanly mahabat pudagynda esasy bäsdeşi bolan Facebook kompaniýasy hem geldi. Geçen ýylyň oktýabrynda kompaniýa HBS-ne kimiň täzeligi internet torunda täzelikler bölüminde peýda bolsa, tölejekdigini habar berdi. 2010-njy ýyllaryň başynda birnäçe ýewropa ýurtlaryndan neşirýatlar kompaniýany, olaryň hatarynda Belgiýa, Fransiýa we Germaniýa hem bar, kazyýete berdiler we gözlegçileri gözleg wagtynda özleriniň gazetlerinden berýän informasion mazmunlary üçin olara tölemegi borçly etmek talaby bilen hökümete ýüz tutdular. Google hem öz gezeginde muny etmekden ýüz öwürdi we şeýle düzgünler kabul edilse fransuz metbugatyny indekslemegi bes etjekdigi bilen gorkuzdy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......