Maldiwler 15-nji iýuldan syýahatçylara serhetlerini açar, emma diňe adamsyz adalaryny

  • 26.06.2020 11:53
  • 6.2k+

Prezident Ybraýym Muhammet Solih maldiwleriň 15-nji iýuldan başlap, syýahatçylary kabul etmäge taýýardygyny aýtdy. Bu ýerde myhmanlara hemme ýerde däl-de, diňe adamsyz adalarda garaşýarlar. Ýerli ilatyň ýaşaýan adalarynda ýerleşýän myhmanhanalar soňrak - 1-nji awgustda açylar. Bular barada "Sputnik" habar berýär.
Ýerli häkimiýet gelenleriň 30 günüň dowamynda mugt wiza alyp biljekdigine söz berdiler. Özi-de myhmanlara koronawirus barlagyndan geçmek, nähilidir bir kepilnama görkezmek ýa-da karantini berjaý etmek zerurlygy ýok.
Dynç alyş zolaklarynda myhmanlaryň ähli zerur howpsuzlyk çärelerine laýyklykda kabul ediljekdigi aýdylýar. Myhmanda keseliň alamatlary bar bolan ýagdaýda, ol öz hasabyna PCR barlagyndan geçirmeli bolar.
Maldiw adalary dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylar gelýän iň meşhur dynç alyş ýeridir we syýahatçylyk ýurduň ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýän pudakdyr. Mart aýynda adalarda koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler girizilipdi, bu bolsa öz gezeginde girdejä ep esli täsirini ýetirdi. 24-nji iýunda berlen maglumatlara görä, Maldiwlerde epidemiýanyň tutuş döwründe COVID-19 ýokaşmasy bilen baglanyşykly 2323 kesel hasaba alyndy, şolardan sekizisi bolsa ölüme sebäp boldy.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......