Wenesiýanyň ýaşaýjylary syýahatçylara garşy nägilelik bildirýärler

  • 18.06.2020 22:14
  • 3.8k+

Ýerli ýaşaýjylar syýahatçylaryň dolanmagyna garşy nägilelik bildirýärler. Olar “takyrdaýan çemodanlaryň” ýurda dolanmagyny islemeýärler.
Wenesiýada häzir syýahatçylygyň nähilidigi belli boldy. Bu barada RIA Nowosti agentligine salgylanmak bilen piter.tv habar berýär.
Uzak wagtlap Wenesiýa hiç kim gitmedi. Bu tutuş dünýäde koronawirus pandemiýasy bilen bagly boldy. Ýöne häzir syýahatçylar kanallar şäherine uly höwes bilen gidýärler. Durnukly ösüş boýunça alym-ekolog Jeýn da Mosto hem syýahatçylara garşy çykýar. Ol adamlaryň köpçülikleýin ýygnanmasy we kruiz gämileri Wenesiýany tozdurýar diýip hasaplaýar. Kireýne berijiler özleriniň gozgalmaýan mülklerini maşgalalara garandan, syýahatçylara uly höwes bilen berýärler.
Da Mosto ýerli häkimleri wenesiýalylar syýahatçylykdan başga bölümlerde iş tapyp biler ýaly höweslendirmeleri döretmäge çagyrýar. “Meniň dört çagam bu şäheri gowy görýär, şonuň üçin olaryň geljeginiň şu ýerde bolmagy möhüm” – diýip, alym-ekolog Jeýn da Mosto belleýär.
“Syýahatçylaryň şeýle akymy Wenesiýa zyýan ýetirýär, şonuň üçin kruiz gämileriniň gatnawyny ep-esli azaltmaly. Mundan başga-da, syýahatçylaryň ýygnanmasy Wenesiýada bolmak isleýän, ýöne gelýän adamlara berilýändigi üçin bu ýerde jaý tapmaýan Italiýanyň adaty raýatlaryna ýaşamaga päsgel berýär” – diýip, ekspert hasaplaýar.
Ýöne gondolaçylar we jemgyýetçilik iýmit edaralarynyň eýeleri syýahatçylaryň dolanmagyna garaşýarlar. Koronawirusdan öň Wenesiýa girmek üçin salgyt goýmak pikiri gözden geçirildi, ýöne pandemiýa bu meýilnamany iş ýüzüne geçirmäge päsgelçilik döretdi. Soňky maglumatlar boýunça, Wenesiýanyň ilaty 51 müňden çala geçýär. Geçen ýylyň maglumatlary boýunça, Wenesiýa 16 mln myhman bardy.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......