“Türkmenhowaýollary” halkara uçuşlary ýatyrmagynyň möhletini 20-nji iýula çenli uzaltdy

  • 16.06.2020 23:01
  • 21k+

Russiýadaky “Türkmenhowaýollarynyň” wekilhanasy COVID-19 pandemiýasy we ýolagçylaryň howpsuzlygy sebäpli awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 2020-nji ýylyň 20-nji iýulyna çenli uzaldýandygyny habar berdi.
Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary peteklerini yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup bilerler ýa-da uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşyp ýa-da indiki amatly uçuşlar üçin petekleri täzeden hasaba aldyryp bilerler.
Wagtlaýyn ýatyrylan uçuşlar:
Aşgabat - Stambul - Aşgabat
Aşgabat - Moskwa - Aşgabat
Aşgabat - Sankt-Peterburg - Aşgabat
Aşgabat - Kazan - Aşgabat
Aşgabat - Minsk - Aşgabat
Aşgabat - Almaty - Aşgabat
Aşgabat - Frankfurt - Aşgabat
Aşgabat - Birmingem - Aşgabat
Aşgabat - Amritsar - Aşgabat
Aşgabat - Deli - Aşgabat
Aşgabat - Dubaý - Aşgabat
Aşgabat - Abu Dabi - Aşgabat
Aşgabat - Pekin - Aşgabat
Aşgabat - Bangkok - Aşgabat

şu gün 08:38
2.3k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar...

düýn 20:32
5.3k+

Biedep syýahatçylar sebäpli ýapon şäherinde sakura güllese-de festiwal geçirilmez

Ýaponiýanyň Fudzi dagynyň golaýynda ýerleşýän Fudziýosida şäheriniň häkimiýetleri, syýahatçylaryň sanynyň çendenaşa artmagy we olaryň tertipsiz hereketleri sebäpli, sakuranyň güllemegi mynasybetli şu ýylky geçirilmeli festiwaly ýatyrmak barada karara geldiler...

04.02.2026 14:55
14k+

Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy

Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi. Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy...

04.02.2026 12:04
9.5k+

Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly

Uelsiň Skomer adasynda mugt ýaşamak hödürlenilýär. Teklibe razy bolan adamlar esasan deňiz guşlarynyň, şol sanda seýrek duş gelýän Fratercula arctica guşlarynyň sanawyny ýöretmeli diýip, Bi-bi-si habar berýär. Maksatnamany Günorta we Günbatar Uelsiň ýabany tebigat gaznasy (WTSWW) guraýar...