Ukraina halkara awiaaragatnaşygy dikeltdi

  • 15.06.2020 22:26
  • 7.9k+

Öň koronawirus pandemiýasy sebäpli saklanylan halkara awia aragatnaşyk Ukrainada 15-nji iýundan dikeldildi. Bu barada ukrain hökümetiniň degişli kararyna salgylanmak bilen RIA “Nowosti” habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Bellenilip geçilişi ýaly, petekleri heniz ugurlaryň diňe çäkli sanyna satyn almak bolýar.
“Serhetleri açmakda ygtyýarlylyk syýahatçylyk ugurlary ösen we epidemiologik ýagdaýy oňyn bolan ýurtlar üçindir. Biz ýuwaş-ýuwaşdan asmany açýarys, ýöne biziň raýatlarymyzyň howpsuzlygy we goragy birinji ýerde bolmagynda galýar” – diýlip, Ukrainanyň infrastruktura ministri Wladislaw Krikliýniň sözleri getirilýär.
Duşenbe gününden Ukrainanyň döwlet serhet gullugy hökümetiň karary boýunça aeroportlarda serhet nokatlaryny we gözegçilik nokatlaryny açdy. Diňe daşary ýurt uçarlary üçin asmany açan we daşary ýurtlulary kabul etmäge taýýar bolan ýurtlara uçup bolýar. Ýöne şol bir wagtda Ukraina gelenleriň käbiri iki hepde üzňelikde saklanmaly ýa-da gelnen ýurtdaky koronawirus keseliniň ýaýrawy bilen ýagdaýa baglylykda gözegçilikde bolmaly bolarlar. Ukrainanyň infrastruktura ministrliginiň maglumatlary boýunça, ýurduň raýatlaryna eýýäm şu duşenbe gününden hiç hili çäklendirmesiz ABŞ-a, Beýik Britaniýa, Türkiýä we Albaniýa gidip bilýärler. Şol bir wagtda britan hökümeti ýurda gelýän daşary ýurtlulary iki hepde karantinde bolmaga borçly eder. 27-nji iýundan Ukrainadan Tunisa uçmak hem mümkin bolar, ýöne ol ýerde COVID-19 üçin barlagdan geçmeli bolar.
Ýewrokomissiýa Ýewropa Bileleşigine girmeklige çäklendirmeleri 30-njy iýuna çenli uzaltmagy maslahat berdi. Krikliý häzirki günde esasy isleg bildirilýän ugurlaryň Kipr, Gruziýa, Türkiýe, Horwatiýa we Gresiýa bolup durýandygyny belledi.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......