Ispaniýada pandemiýadan soňky täze düzgün syýahatçylary gaharlandyrdy

  • 12.06.2020 22:26
  • 6.1k+

Ispaniýanyň şypahanalarynda täze düzgüniň girizilmegi syýahatçylarda ýaramaz täsiri döretdi. Ýagny, müşderiler barlarda we restoranlarda goşmaça töleg tölemeli bolýarlar. Bu barada rusplt.ru habar berýär.
Serwis we ikinji derejeli salgyt töleglerinden başga-da, hasapda “COVID-goşmaça pul” diýen zat hem peýda boldy. Ortaça ol 1 ýewro barabardy.
Müşderiler hem bu täzelige nägileligini bildirýärler. Olaryň biri Twitterde ispan restoranynda iki çüýşe piwo üçin ähli tölegleri bilen birlikde 12 ýewro tölemelidigini gürrüň berýär.
Ispaniýada alyjylaryň hukugyny goramak boýunça assosiasiýada şeýle tölegleriň kanuny däldigini aýtdylar, müşderiler bolsa goşmaça tölemekden ýüz öwrüp bilýärler.
Bu täze düzgüniň myhmansöýüjilik gurşawynyň koronawirus ýaýrawynyň esasynda girizilen çäklendirmeler sebäpli güýçli zyýan çekendigi bilen bagly bolup biler. Esasanam, syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolan ýurtlar has köp kynçylyk çekdiler. Bulardan başga-da, pandemiýa gowşanyndan soň ýerli awiakompaniýalar ýolagçylara gyzgyn naharlary jebis gaplardaky garbanma bilen çalşyryp, olary bermekden boýun gaçyrarlar.

düýn 16:06
2.7k+

Asuda hem çet: Filippinlerdäki kenar dynç alyş üçin iň gowusy diýlip saýlandy

Filippinleriň Palawan welaýatyndaky Entalula dynç alyş kenary «World’s 50 Best Beaches 2026» reýtinginde birinji orny eýeledi. Iň arassa we çola kenarlaryň sanawyny «Time Out» neşiri taýýarlady....

10.05.2026 22:08
8.2k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....