Ford bilen Volkswagen birleşigi ösdürmek üçin şertnama gol çekdiler

  • 12.06.2020 22:18
  • 2k+

Ford we Volkswagen awtomobil brendleri kompaniýanyň girdejisini birnäçe esse ýokarlandyrýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň güýçlenmegine ýardam etjek täze şertnamalara gol çekilendigini habar berdiler. Muny car.ru ýetirýär. Korporasiýalar üç esasy awto boýunça hyzmatdaşlyk ederler. Ýagny, gürrüň Volkswagen-iň gurjak şäher furgony, Ford tarapyndan döredilen ýük daşaýjy furgon we Ranger arhitekturasy esasynda işlenilen VW pikapy barada gidýär. Olar ylalaşygyň çäklerinde 8 000 000 sany pikap we söwda furgonlaryny çykarmakçy bolýarlar.
“Bu hyzmatdaşlyk döretmek işine çykdajylary ep-esli peseltmäge mümkinçilik berer, bu bolsa elektrik we söwda ulaglarynyň global satuwynyň giňemegine hem-de iki korporasiýanyň hem tutýan ornunyň berkemegine ýardam eder” – diýip, VW kompaniýasynyň baş müdiri Gerbert Diss belleýär.
Gazanylan ylalaşyklaryň çäginde Ford we Volkswagen kompaniýalary awtomobiller üçin täze tehnologiýanyň üstünde işlemäge başlarlar. Şeýle-de, biri-birleri üçin ulaglaryň konseptual modellerini işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Bahym Ford kompaniýasy MEB Volkswagen döwrebap platformasynyň esasynda esaslandyryljak innowasion elektrokary boýunça iş alyp barar.
Bu esasa amerikan brendi uly umyt bildirýär, sebäbi elektromobil onuň netijesinde uly önümçilige, awtonomlyga we CO2 zyňyndynyň pes derejesine eýe bolup bilýär. Şeýle-de, Ford we Volkswagen ulaglaryň awtonom dolandyryş tehnologiýasyny üstünlikli güýçlendirmek üçin Argo Al taslamasynda hem bilelikde işlärler. Bu pudaga kompaniýanyň ikisem uly maýa goýdular.
Ford kompaniýasynyň Volkswagen Caddy esasynda hem täze awtomobilleriň önümçiliginiň üstünde işlejekdigi habar berilýär. Nemes brendi Volkswagen Ford bilen bilelikde Amarok pikapynyň täze neslini döretmegiň üstünde işlär. Täze ulagyň nähili atlandyryljagy heniz belli däl.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......