2020-nji ýylda syýahatçylar üçin iň howpsuz ugurlar atlandyryldy

  • 11.06.2020 22:34
  • 8.7k+

Syýahatçylyk we gezelenç boýunça bütindünýä geňeşi (World Travel & Tourism Council, WTTC) şu tomusda dynç alyş üçin iň howpsuz ugurlary atlandyrdy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär, muny lenta.ru ýetirýär.
Geňeşiň beýannamasynda syýahatçylar üçin iň howpsuz ýerleriň Portugaliýa, Türkiýe we Saud Arabystandygy bellenilip geçilýär. Bu ýurtlarda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan goldanylan ýörite howpsuzlyk teswirnamalary girizildi.
Bu teswirnamalar syýahatçylara dynç alyş üçin gigiýena we saglygy goraýyş boýunça dünýä ölçegleriniň berjaý edilýän ýerlerini saýlamaga kömek eder. Belli Ýewropa ugurlarynyň arasyndan gurama Madridi, Sewilýany we Barselonany aýratynlandyrýar.
Şeýle-de, syýahatçylyk hereketiniň dikeldilmegi bilen dynç alýanlar üçin dünýäde howpsuz ýurtlaryň sanawynyň artjakdygy habar berilýär.
Maý aýynda ekspertler koronawirus pandemiýasy şertlerinde gezelenç üçin iň meşhur ýurtlary atlandyrdylar. Aprel aýy boýunça britan syýahatçylarynyň sargytlaryny öwrenmek bilen, analitikler Ispaniýanyň ýewropa ýurtlarynyň hemmesine garanda koronawirusdan has güýçli kynçylyk çekendigine garamazdan, ol birinji ýerde durýar diýen netijä geldiler.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......