BP dünýä boýunça 10 müň işgärini azaltmagy meýilleşdirýär

  • 08.06.2020 23:00
  • 3.3k+

BP britan nebit-gaz kompaniýasy täze görnüşli koronawirusyň döredýän pandemiýa täsiri sebäpli tutuş dünýä boýunça 10 müň işgäri we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri bilen kem-kemden işe geçmek boýunça meýilnamalaryny azaldar. Bu barada nebiti gazyp alyjy korporasiýanyň ýerine ýetiriji müdiri Bernard Luniniň kompaniýanyň işgärlerine iberen hatynda aýdylýar. Hatyň nusgasy BP-niň press-hyzmaty tarapyndan ýaýradyldy, muny Trend TACC-a salgylanmak bilen ýetirýär.
Kompaniýada bellenilişine görä, gürrüň onuň işgärleriniň dünýäde hasaba alynýan 70 müň töweregi umumy sanynyň tas 15 göterim azaldylmasy barada gidýär. Olaryň köpüsi şu ýylyň dowamynda işden çykarylar, iş ýerlerini, esasan, ofis işgärleri ýitirerler. Gazyp almak işine gös-göni gatnaşýanlar işden çykarylmaz.
Pandemiýa başlanandan bäri dünýäde koronawirus bilen 7 mln adam keselledi, 400 müňden gowragy ýogaldy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......