Russiýa iş, okuw we bejergi maksat bilen daşary ýurtlara gitjeklere serhedini açýar

  • 08.06.2020 18:17
  • 10k+

Russiýalylar ýakyn garyndaşlaryna seretmek, bejergi almak, okuw we iş maksady bilen daşary ýurtlara gidip bilerler, diýip RF-iň premýer-ministri Mihail Mişustin Koronawirus bilen göreş boýunça utgaşdyryjy geňeşiň prezidiumynyň mejlisinde belledi. Bu barada Ria Nowosti habar berýär.
Daşary ýurtly raýatlar hem Russiýa lukmançylyk maksatlary bilen girip bilerler, diýip ol nygtady. Degişli resminamalara eýýäm gol çekildi.
Belläp geçsek, RF BSGG tarapyndan pandemiýa yglan edilenden soňra serhetlerini dolulygyna ýapypdy. Häzirki wagta çenli RF-de COVID-19 bilen 476 müň 658 keselleme ýagdaýy ýüze çykaryldy, 230 müňden gowrak russiýalylar sagaldy, 5971 adam aradan çykdy.
Bilermenleriň pikirine görä, keselçiligiň iň ýokary nokady yzda galdy, häkimiýetler kem-kemden öň girizilen çäklendirmeleri aýyrýarlar.
Russiýada we dünýäde COVID-19 bilen bagly täzelikler стопкоронавирус.рф portalynda beýan edilýär.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......