Russiýanyň iri awiakompaniýalary 15-nji iýuldan halkara uçuşlary dikeltmäge taýýarlanýar

  • 07.06.2020 23:17
  • 10k+

Iýul aýynyň ortalaryndan daşary ýurtlara uçuşlar dikeldilip bilner. Şeýle mümkinçiligi häzir Russiýanyň iri awiagatnadyjylary gözden geçirýär, bu barada “Interfaks” agentliginiň çeşmesine salgylanmak bilen rg.ru habar berýär.
“Täze koronawirus keseli bilen kesellänleriň sanynyň azalmagy boýunça durnukly oňyn dinamika ýagdaýynda we bortda berk sanitar düzgünlerini berjaý etmek bilen 15-nji iýuldan halkara ugurlar boýunça birbada birnäçe iri awiagatnadyjylar bilen uçuşlary dikeltmek işiniň mehanizmleri taýýarlanýar” – diýip, agentligiň çeşmesi gürrüň berýär.
Ilki bilen Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň we Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryna uçuşlar dikeldiler. Beýleki ýurtlar bilen serhetler açylan ýagdaýynda olar bilen hem awiaaragatnaşyklary ýola goýlar.
Ýatladyp geçsek, Russiýa tarapyndan halkara awiagatnawlary täze koronawirus keseliniň ýaýrawy sebäpli mart aýynyň ahyrynda saklanyldy. Diňe rus raýatlaryny yzyna dolamak üçin çarterler galdyryldy. Ýol-ulag ministrliginde halkara gatnawlaryň iýul aýyndan dikeldilmegine garaşylýar. Aprel aýynda premýer-ministr Mihail Mişustin daşary ýurtlularyň ýurda girmesini çäklendirmek işini uzaltdy. Ol gadagan etmäniň ýurtda diňe epidemiologik ýagdaý gowulaşandan soň aýryljakdygyny belledi.
Russiýada tas 458 müň COVID-19 bilen keselleme ýagdaýy ýüze çykaryldy, 5,7 müň adam ýogaldy, 221 müňden gowragy sagaldy.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......