Pekiniň häkimiýeti ýaşaýjylara söwda eder we restoranlara gider ýaly $1,7 mlrd berer

  • 07.06.2020 22:42
  • 6k+

Pekiniň häkimiýeti ýaşaýjylara söwda, restoranlara gitmek, sport, bilim we syýahat üçin ulanyp bolar ýaly umumy möçberde $1,7 mlrd alyjylar wauçerlerini (döwlet gymmat kagyzlary) bermek kararyna geldi, bu barada Bloomberg agentligine salgylanmak bilen ruposters.ru habar berýär.
Agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, Pekiniň munisipalitet hökümeti sarp edijiligi işjeňleşdirmek üçin 12,2 mlrd ýuan ($1,7 mlrd) umumy möçberinde wauçerleri çykarmagy meýilleşdirýär.
“Sarp edijiligi işjeňleşdirmek boýunça gurnalýan bu çäre kesel ýaýrawyndan soň diňe bir söwdanyň janlanmagyna täsir etmän, eýsem, alyjylar tarapyndan ynam derejesini ýokarlandyrar” – diýip, Pekiniň söwda edarasynyň ýolbaşçysy Ýan Ligan belleýär.
Wauçerleri bermek işi eýýäm başlady, ol dört tapgyrda, ýagny 6, 13, 20 we 27-nji iýunda amala aşyrylar. JD.com hytaý söwda onlaýn-meýdançasy arkaly alnan her bir kupony 14 günüň içinde ulanmak bolýar. Alnan wauçerleri raýatlar syýahatçylyk, bilim, medeniýet, sport we jemgyýetçilik iýmiti gurşawynda söwda işlerini amala aşyrmak üçin hem adaty dükanlarda, hem internet-meýdançalarynda ulanyp bilýärler.
Belläp geçsek, Pekinde satuw ýylyň ilkinji dört aýynda 20,4% kemeldi, tutuş ýurt boýunça pese gaçyş 16,2%-e barabar boldy. Öň, wauçerleri ýaşaýjylaryň arasynda Hytaýyň tas 50 şäheri ýaýratdy, olaryň hatarynda Uhan, Huançžou, Nankin we Şençžen şäherleri hem bar. Umumy alanyňda, Hytaý hökümeti wauçerlere $850 mln töweregi sarp etdi.
Aprel aýynyň ortalarynda Hytaýyň statistikasynyň Milli býurosy maglumatlary neşir etdi, oňa laýyklykda 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň JIÖ-i 6,8% pese düşdi, bu 1976-njy ýyldan bäri bu görkezijiniň ilkinji pese gaçyşy boldy.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......