Apple paýnamalarynyň bahasy taryhy rekordy täzeledi

  • 06.06.2020 23:00
  • 8.1k+

Apple amerikan korporasiýasynyň paýnama bahalary ýurduň zähmet bazarynyň statistikasy neşir edilenden soň, fond bazarlarynyň umumy ösüş fonunda taryhy rekorda ýetdi, muny söwda meýdançalarynyň maglumatlary delillendirýär. Bu barada 1prime.ru habar berýär.
Söwda meýdançalarynyň maglumatlaryna laýyklykda, kompaniýanyň kagyzlary 1,97%, ýagny paýnama üçin 328,57 dollara çenli gymmatlady, bu bolsa kompaniýanyň maliýe hasabatynyň neşirinden soň, 29-njy ýanwarda goýlan ozalky 327,85 dollar möçberdäki rekorddan geçdi. Kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy bolsa 1,42 trillion dollara ýetdi. Ýatladyp geçsek, ýanwar aýyndan mart aýy aralygynda kompaniýanyň paýnamasy 328 dollardan 212-ä çenli pese gaçdy.
Habar berlişine görä, 23-nji martdan soň kompaniýanyň paýnamalary durnukly ýagdaýda ýokarlanyp başlady, bu kompaniýanyň işgärleriniň köpüsiniň uzakdan işlemek režimine geçmegi bilen, şeýle-de okuwçylaryň distansion bilime geçmegi bilen şertlendirilýär, çünki bu ýagdaý firma noutbuklaryna we planşetlerine bolan islege täsir etdi.
Belläp geçsek, ABŞ-nyň fond bazary zähmet bazarynyň statistikasynyň neşirinden soň, esasy görkeziji boýunça 2-3% ösüp başlady. Resmi maglumatlara laýyklykda, maý aýynda ýurtda işsizlik 1940-njy ýyldaky 14,7% görkezijili rekorddan bäri 13,3%-e çenli kemeldi, analitikler bolsa bu görkezijiniň 20%-e çenli ýokarlanmagyna garaşypdylar.
Mundan başga-da, Ştatlaryň ykdysadyýetiniň oba hojalygy däl pudaklarynda iş ýerleriniň sany 2,509 million sany artdy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......