ABŞ hytaý awiakompaniýalaryna uçuşy gadagan edip biler

  • 05.06.2020 16:48
  • 5.8k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy ähli hytaý awiakompaniýalaryna Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň arasynda söwda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmagy gadagan edýär. Bu ABŞ-nyň Ýol-ulag ministriniň buýrugyndan gelip çykýar. Bu barada TASS habar berýär.
Gadagan etme 16-njy iýundan güýje girer, ýöne resminamada bellenilişine görä, eger-de degişli çözgütler Tramp tarapyndan kabul edilse, munuň ir bolmagy hem ahmal. Bu çäre ýedi sany awiakompaniýa degişli edilýär, olaryň hatarynda Air China, China Eastern Airlines, China Southern Airlines we Hainan Airlines kompaniýalary bar.
ABŞ-nyň Ýol-ulag ministrligi gadagan etmäniň Hytaýyň hökümetiniň “amerikan awiagatnadyjylaryna Hytaýa we Hytaýdan yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmakda olaryň ikitaraplaýyn hukugyndan doly derejede peýdalanmaga rugsat bermändigi” bilen baglydygyny nygtaýar. “Biz şeýle ýagdaýlar Ýol-ulag ministrliginden amerikan we hytaý awiagatnadyjylaryň yzygiderli ýolagçy awigatnawlaryň bazarynda bäsdeşlik deňagramlylygyny, adalatly we deň mümkinçiligi dikeltmäge gönükdirilen herekete geçmekligi talap edýär diýen netijä geldik” – diýlip, resminamada aýdylýar.
Ýöne şunuň bilen birlikde amerikan edarasynda hytaý hökümeti “öz hereketini düzeden ýagdaýynda”, amerikan awiagatnadyjylary üçin ýagdaýy gowulandyrmaga ýardam berer ýaly Waşingtonyň öz çözgüdini täzeden gözden geçirmäge taýýardygy bellenildi.
Belläp geçsek, ýanwar aýynyň ahyrynda koronawirus ýaýrawynyň esasynda Waşington ýakynda HHR-de bolan daşary ýurtlulara ABŞ-da girmegi gadagan etdi. Awiauçuşlara islegiň pese gaçmagy bilen Hytaýa yzygiderli ýolagçy awiagatnawlaryny amala aşyrýan üç sany amerikan awiakompaniýasy bu ýurda gatnawlaryň sanyny azaltdy. Hytaý awiakompaniýalary hem gatnawlaryň bir bölegini ýatyrdy. Pandemiýanyň esasynda fewral aýynda ýurtlaryň arasyndaky gatnawlaryň sany 20-ä çenli kemeldi, bu gatnawlary-da hytaý awiakompaniýalary alyp barýardy.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......