ABŞ ýurda getirilýän altynlar boýunça rekordy täzeledi

  • 04.06.2020 12:26
  • 5.3k+

Iki aýdan gowrak wagt bäri koronawirus pandemiýasy sebäpli maliýe we çig mal bazarlarynda bulam-bujarlyk hereket edýärdi. Öň doly işlenilen dünýä üpjünçiligi zynjyrlarynyň arasy üzüldi, bu bolsa çekilen ýitgi görnüşinde ýaramaz netijelere getirdi. Nebit bazaryndan başga iň zyýan çeken bazarlaryň biri gymmat metallaryň, esasanam, altynyň bazary hasaplanylýar. Bu barada vk-smi.ru habar berýär.
Ýagny, spot (şertnama) bahalarynyň (tiz ýola goýmak şerti bilen harydyň satylmagy) we fýuçers şertnamalaryna bahalaryň dargamagy bellige alyndy. HBS öň, koronawirus pandemiýasy sebäpli altyn almak bilen meşgullanýan käbir kärhanalaryň, şol sanda Şweýsariýadaky kärhanalaryň ýapylmagynyň we serhetleriň ýapylmagynyň altyn ýetmezçiligine getirendigini habar berdi.
Treýderleriň altyn tokgalaryny satyn almaga ýagdaýy bolmady, şonuň üçin şertnamalary kagyzda satyn aldylar. Ýöne olaryň köpüsi bu işden baş çykaryp bildiler. Olar pandemiýanyň güýçlenen döwründe altyny mümkin bolan ähli ýerde şertnama bahasy boýunça satyn aldylar, şonuň bilen birlikde olar biržada fýuçersleri hem satdylar. Şeýle etmeklik gymmat metallary, çen bilen, bir aýdan eltmeli ýerine eltmäge mümkinçilik berdi. 
Pandemiýa we sary metalyň ýetmezçiligi şertlerinde şeýle spekulýatiw işjeňlik ABŞ altynyň ýola goýulmasynyň ähli rekordlaryny täzelemegine getirdi diýip, Expert.ru belleýär.
“Taryhda altynyň iň uly hereketi” – diýip, Bloomberg agentligi bolup geçen wakany atlandyrýar.
Koronawirus pandemiýasy BSGG tarapyndan 11-nji martda yglan edildi. Eýýäm şol aýyň ahyryndan COMEX-iň ammar ätiýaçlyklary 550 tonna altyndan gowrak artdy. Analitikleriň pikiriçe, bu şol döwürde gazylyp alnan baýlyklaryň dünýä möçberine gabat gelýär. Dollarda hasaplananda bu 30 milliarda deň.
Eger-de bu göwrümi özygtyýarly altyn ätiýaçlyklary bilen deňeşdirsek, onda ol 504,8 tonna gymmat bahaly metaly bolan Ýewropanyň merkezi bankyndan hem öňe geçip, 11-nji orna çykardy. Altynyň köp bölegi ABŞ-a Şweýsariýadan geldi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......