Dünýäde täze milliarder peýda boldy

  • 02.06.2020 13:25
  • 19k+

Dünýädäki milliarderleriň sany bir san artdy. Ýer ýüzüniň iň baý adamlarynyň sanawyna Ýuan Liping (Yuan Liping) goşuldy. Ol Shenzhen Kangtai Biological Products farmaseptika kompaniýasynyň ýolbaşçysy, hytaý magnaty Dýu Weýminiň (Du Weimin) öňki aýaly. Bu barada Trend agentligi Bloomberge salgylanyp habar berýär.
Aýrylyşandan soňra, 49 ýaşly Ýyan Liping kompaniýanyň 161,3 million paýnamalaryny aldy. Gymmatly kagyzlaryň toplumy 3,2 millard dollar möçberinde bahalandyrylýar. 2011-2018-nji ýyllarda Ýyan Liping ýoldaşynyň farmaseptika kompaniýasynyň müdiriniň wezipesini eýeleýärdi. Häzirki wagtda ol Shenzhen Kangtai Biological Products  kompaniýasynyň Pekindäki şahamçasy bolan Beijing Minhai Biotechnology kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär.
2019-njy ýylda dünýäniň iň baý adamsy bolan Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň aýaly bilen aýrylyşmagy netijesinde, onuň öňki aýaly Makkenzi hem iň baý adamlaryň sanawyna girdi. Emlägi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň netijeleri boýunça Makkenzi 40 milliard dollara golaý aldy. Bloomberg Billionaire Index-iň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda onuň emlägi 10 milliard dollara golaý artdy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......