Türkmenistan we BMG COVID-19-dan soň syýahatçylygy dikeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdy

  • 02.06.2020 11:25
  • 10k+

BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guralan «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat ýokanç kesele garşy göreşmegiň mümkin bolan iň gowy usullaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de howpsuz we netijeli usullar arkaly, şol sanda milli we sebitleýin derejede ähli gyzyklanýan taraplaryň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy hem-de hereketleriň sazlaşygyny üpjün etmek bilen syýahatçylyk işini dikeltmek boýunça bilelikdäki işleri ýola goýmak üçin meýdançany döretmek maksady bilen geçirildi.
Sebitleýin maslahata Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň milli syýahatçylyk ulgamyna jogapkär ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministri gatnaşdy.
Maslahat Ýokary derejeli bu çäre iki ugurly ara alyp maslahatlaşmalar boýunça geçirildi. Birinji mejlisiň dowamynda syýahatçylyk ulgamyndaky goldaw we COVID-19 ýokanç keseliniň durmuş-ykdysady netijelerini azaltmak çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji mejlis dikeldiş ýolundaky öňdebaryjy tejribä we netijeli strategiýa bagyşlandy. Öňdebaryjy tejribeler, şeýle-de çökgünligi ýeňip geçmegiň netijeli syýasaty boýunça amala aşyrylýan çäreler barada pikir alşyldy. BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň işläp düzen teklipleri beýan edildi. Mundan başga-da, maslahatda gatnaşyjy ýurtlaryň iň gowy tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......